Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gresiýada wagtlaýyn geçiş hökümeti düzüler


Gresiýanyň parlamentindäki syýasy partiýalar ýurtda wagtlaýyn geçiş hökümetini düzmek meselesi boýunça gepleşiklerini dowam etdirýärler.

Şu geçen ýekşenbe güni ýurduň hökümet başlygy Jorj Papandreou öz wezipesinden çekilmäge razylygyny beripdi.

Indi parlamentdäki syýasy partiýalar hökümetiň täze başlygyny saýlamaly. Şondan soň düzüljek geçiş hökümeti geljek ýylyň fewralyna planlaşydyrylýan parlament saýlawlaryna çenli ýurda ýolbaşçylyk etmeli bolar.

Hökümet strukturasyny täzelemek baradaky bu gyssagly çäreler Gresiýada maliýe krizisi bilen baglanyşykly ýüze çykdy.
XS
SM
MD
LG