Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Sud oturdaşlary Maýkl Jeksonyň lukmanyny günäli tapdy


Şu gün Los-Anjeles şäher sudunyň sud oturdaşlary amerikaly aýdym-saz ýyldyzy, merhum Maýkl Jeksonyň ozalky lukmany, doktor Konrad Murreý aýdymçynyň ölüminde günäli diýip karar çykardy.

58 ýaşly Konrad Murreýiň işi boýunça sud özüniň gutarnykly kararyny ýene üç hepdeden çykarmaly. Sud oturdaşlarynyň karary öz güýjünde galsa, oňa 4 ýyla çenli türme tussaglygy garaşýar.

ABŞ-nyň prokuraturasy ony Maýkl Jeksona saglygy üçin howply uky dermanyny bermeli dozasyndan has köp berip, onuň ölümine sebäp bolanlykda aýyplaýar.

Dünýä meşhur aýdymçy Maýkl Jekson 2009-njy ýylyň 25-nji iýunynda 50 ýaşynyň içinde agyryny aýyryjy «propofol» dermanynyň aşa köp dozasyndan zäherlenme netijesinde ölüpdi.
XS
SM
MD
LG