Sepleriň elýeterliligi

Orsýetiň premýer-ministri Wladimir Putin bilen onuň aýaly Lýudmilanyň gatnaşyklary barada şu çaka çenli dürli-dürli garaýyşlar aýdylyp gelindi. Olary tanaýanlardan käbirleri olaryň gatnaşyklaryny pajygaly terzde suratlandyrsalar, käbirleri uzak dowam edip gelýän söýgi gatnaşyklary hökmünde häsiýetlendiripdiler.

Ýöne soňky aýan edilen maglumatlara görä, Putin bilen onuň aýalynyň gatnaşyklary taýagyň iki ujunyň ortalygynda ýerleşýän ýaly görünýär.

Germaniýaly žurnalist, Germaniýanyň razwedka meseleleri boýunça bilermen Erih Şmidt-Eenbum Wladimir Putiniň bäş ýyllap Gündogar Germaniýanyň Drezden şäherinde işlän döwründe bir ýerli agentiň onuň maşgala syrlaryna aralaşandygyny tassyklaýar.

Onuň ele salan maglumatlary Putini hyjuwly aýalbaz we, şol bir wagtyň özünde-de, aýalyny ýenjip ýören agressiw maşagalabaşy hökmünde görkezýär.

Germaniýanyň daşarky razwedka gullugynyň işleri bilen baglanyşykly birnäçe kitaplaryň we makalalaryň awtory Erih Şmidt-Eenbumyň aýtmagyna görä, şol döwürlerde “Lenhen” ýa-da “Lenoçka” diýen at bilen razwedka işlerini alyp baran bir ýerli ýaş gyzyň öňünde Germaniýanyň günorta regionynda KGB-niň alyp barýan harby hem-de ykdysady işleri barada maglumat toplamaklyk wezipesi goýlupdyr.

“Ol tiz wagtdan Lýudmila Putina bilen jora bolup, onuň öz içki syrlaryny ynanýan adamsyna öwrülipdir. Lýudmila oňa Wladimiriň ýygy-ýygydan özüni ýençýändigini we köplenç özüne biwapalyk edip, başga aýallar bilen gezýändigini gürrüň beripdir” diýip, Erih Şmidt-Eenbum gürrüň berýär.

Çeşmeler

Özüniň bu baradaky maglumatlary ilkinji gezek Germaniýanyň “Berliner Zeitung” gazetinde çap bolan Şmidt-Eenbum özüne bu maglumatlaryň ozalbaşda toslanyp berlen bolmagynyň mümkindigi we munuň maksadynyň geljek ýyl Orsýetde gaýtadan prezident saýlanmaklyga umyt edýän Putiniň abraýyny gaçyrmakdan ybarat bolmagynyň mümkindigi barada aýdylýanlary ret edýär.

Žurnalist Erih Şmidt-Eenbum agent Lenheniň şaýat bolan bu wakalary barada ilkinji gezek şu ýylyň başynda Germaniýanyň daşary razwedka gullugynyň ozalky ýokary derejeli bir ofiseri bilen gürrüňdeş bolanda eşidendigini aýdýar.

“Elbetde, žurnalist hökmünde, men ikinji bir çeşmäni hem tapmaly. Birnäçe hepde mundan ozal ‘Verfassungsschutz’ edarasyndaky, ýagny, Germaniýanyň konstitusiýasyny goramak baradaky edarasynda işleýän bir kontaktym bilen duşuşmaklyk maňa başartdy. Onuň elinde-de hut şeýle maglumatlar bar eken” diýip, ol belleýär.

Erih Şmidt-Eenbumyň aýtmagyna görä, agent Lenheniň asly Baltika nemeslerinden. Ol rus we nemes dillerinde suwara gürleýän eken. Maglumata görä, onuň hut şu dil başarnyklary-da oňa Drezdendäki KGB-niň kiçijik bir ofisine işe ýerleşmäge mümkinçilik beripdir.

Ol şol ýerde Sowet Soýuzynyň Gündogar Germaniýada ýerleşýän harby güýçleri üçin terjimeçilik işlerini alyp barypdyr.

KGB-niň şol ofisinde iş alyp baran döwründe Putiniň maşgala syrlarynyň käbir taraplary bilen ýakyndan tanşan Lenheniň aýan eden maglumatlary Orsýetiň öz içinde Putiniň abraýyna zyýan ýetirmez diýlen garaýyşlar hem bar. Çünki, Orsýetiň jemgyýetinde är-aýalyň birek-birege biwapalygy ýaly zatlar maşgalanyň öz içerki işi hem-de şeýle bir möhüm bolmadyk bir zat hökmünde kabul edilýär.

Käbir synçylar Putiniň eglişige gitmezek patriarh hem-de hyjuwly aýalbaz hökmündäki obrazynyň, gaýta, tersine, onuň liderlik obrazyny has-da güýçlendirmeginiň mümkindigini aýdýarlar. Ýakynda “Forbes” žurnaly Wladimir Putini dünýäniň ikinji meşhur şahyýeti hökmünde suratlandyrdy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG