Sepleriň elýeterliligi

“Demirgazyk akym” Ukrainanyň we Belarusyň syýasy oýunlaryny üýtgedip biler


“Demirgazyk akym” gazgeçirijisi sişenbe gününden başlap, ulanyşa girizildi.

“Demirgazyk akym” gazgeçirijisi sişenbe gününden başlap, ulanyşa girizildi.

“Demirgazyk akym” gazgeçirijisi sişenbe gününden başlap, ulanyşa girizildi. Bu geçirijiniň açylyş dabarasyna Germaniýanyň kansleri Angela Merkel we Orsýetiň prezidenti Medwedew bilen birlikde Fransiýanyň premýer-ministri Fransua Fillon, Gollandiýanyň premýer-ministri Mark Rutte, şeýle hem Ýewropa Bileleşiginiň energiýa boýunça komissary Günter Öttinger gatnaşdy.

Medwedew bu geçirijiniň ýola düşmegini “taryhda täsin waka” diýip atlandyrdy: “Bu gün bir täsin, uzak wagtlap garaşylan waka bellenýär. Biz “Demirgazyk akymyň” ilkinji turbasyny ulanyşa girizýäris. Öňki çykyp geplänleriň belleýşi ýaly, bu biziň ýurdumyzyň Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygynda bir täze sahypanyň açylmagydyr. Ors gazy indi ilkinji gezek Ýewropa Bileleşigine degişli ýurtlara göni geler”.

“Demirgazyk akym” Orsýetiň Wyborg portundan bu ýurduň turba liniýasyna çatylyp, Germaniýanyň Greifswald şäheriniň golaýynda Lubmindäki terminala gelýär.

“Demirgazyk akym” Orsýetiň Wyborg portundan bu ýurduň turba liniýasyna çatylyp, Germaniýanyň Greifswald şäheriniň golaýynda Lubmindäki terminala gelýär.



Ozal Orsýetden Ýewropa has köp gaz akdyrmak üçin planlaşdyrylan bu 10 milliard dollarlyk geçirijiden indi esasy maksat Moskwanyň Ukrainadan we Belarusdan geçýän turbalara garaşlylygyny çäklendirmek.

“Bu möhüm geçiriji. Ol Orsýetiň Ukraina ýaly tranzit ýurtlara bolan garaşlylygyny çäklendirer. Ol diňe ors gazynyň Ýewropa durnukly akyp durmagyny üpjün etmek däl, eýse, aýratyn-da Germaniýa üçin, gaz eksportyny mundan beýläk-de artdyrmaga mümkinçilik döreder” diýip, Orsýetiň söwda banky “Troika dialogyň” analitigi Waleriý Nesterow aýdýar.

1,224 kilometrlik “Demirgazyk akym” indi dünýäde suwasty geçirijileriň iň uzynydyr. Ikinji orunda duran Norwegiýadan Beýik Britaniýa gaz akdyrýan Langeled turbasy. Onuň uzynlygy “Demirgazyk akymyňkydan” takmynan 60 kilometr az.

“Demirgazyk akym” Orsýetiň Wyborg portundan bu ýurduň turba liniýasyna çatylyp, Germaniýanyň Greifswald şäheriniň golaýynda Lubmindäki terminala gelýär. Proýekte gatnaşanlar “Gazprom”, Germaniýanyň BASF we ION kompaniýalary, şeýle hem Gollandiýanyň “Gasunie” we Fransiýany “GDF Suez” kompaniýalary.

Baltika deňziniň aşagyndan ýene bir gazgeçiriji gurlup ýör. Onuň hem 2012-nji ýylyň aýaklarynda tamamlanmagyna garaşylýar. Bu iki turba doly işe başlansoň, ýylda 55 milliard kubometr gaz Ýewropa ýetiriler diýlip garaşylýar.

Ozal Orsýetden Ýewropa has köp gaz akdyrmak üçin planlaşdyrylan bu 10 milliard dollarlyk geçirijiden indi esasy maksat Moskwanyň Ukrainadan we Belarusdan geçýän turbalara garaşlylygyny çäklendirmek.

Ozal Orsýetden Ýewropa has köp gaz akdyrmak üçin planlaşdyrylan bu 10 milliard dollarlyk geçirijiden indi esasy maksat Moskwanyň Ukrainadan we Belarusdan geçýän turbalara garaşlylygyny çäklendirmek.



Ýewropa Bileleşiginde sarp edilýän gazyň takmynan dörtden biri Orsýetden gelýär. Orsýetden ÝB-e akdyrylýan gazyň 80 prosent çemesi hem Ukrainadan geçýär. Bu hem bu iki ýurduň arasynda turan gaz dawasy netijesinde Ýewropa gelýän gazyň ençeme gezek kesilmegine getirdi.

“Demirgazyk akym” Polşa bilen Baltika döwletlerinden hem sowa geçýär. Ol 2005-nji ýylda planlaşdyrylaly bäri bu ýurtlar tarapyndan tankyt astynda. Ýöne orsýetli syýasy analitik Dmitriý Oreşkiniň pikiriçe, bu proýekt Orsýetiň Baltika goňşularynyň Moskwanyň harby güýjünden gorkusyny köşeşdirer.

“Bir gowy zat, bu geçirjiniň gurulmagy bilen ägirt güýç Orsýetiň Ýewropanyň gymmatlyklar düzgünini kabul edýänligi. Bu ýerde däp boýunça kontraktlaýyn üstüňe alnan borçlar ýerine ýetirilmeli, gelnen ylalaşyklara laýyk hereket edilmeli, goňşularyňa edepsizlik edip, ‘ýagty geljegi’ ýarag güýji bilen olaryň boýnuna dakmak kabul ederliksiz. “Demirgazyk akym” ýaly bir zat bolsa, mysal üçin, Estoniýa tank bilen howp salma asla bolmaz” diýip, Oreşkin aýdýar.

Her niçik-de bolsa, häzir Moskwa bilen Warşawanyň arasynda dartgynlylyk döredýän zat – Orsýetiň gaz akdyrmak boýunça syýasaty. Polşa ors gazyna aşa garaşly. Ol şeýle hem Ýewropa Bileleşigine akdyrylýan ors gazy üçin tranzit ýurt. Polşanyň gaz monopoliýasy “PGPiG” Orsýet bilen baglaşylan bir şertnama boýunça import edýän gazyna ýokary baha töläp, ony Ýewropa Bileleşigindäki müşderilere arzan bahadan satmaly bolýar. Polşa “Gazpromdan” özüniň gaza töleýän bahasyny aşaklatmagyny isleýär.

“Gazprom” bilen söwdadan Minski-de razy däl. Gazyň bahasy we bergi barada turan dawa netijesinde “Gazprom” Belarusa berýän gazyny-da 2007-nji ýylda kesdi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG