Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kwartet geljek hepde ysraýyllylar we palestinalylar bilen duşuşýar


Orta Gündogar Kwartetiniň ilçileri geljek hepde ysraýyllylar we palestinalylar bilen aýry-aýrylykda duşuşyp, olary ýer hem howpsuzlyk meselesi barada tekliplerini taýýarlamaga çagyrmakçy.

Birleşen Ştatlaryň Döwlet dempartamentiniň sözçüsi Wiktoriýa Nulandyň aýtmagyna görä, Kwartet iki tarapyň üç aý içinde territoriýa we howpsuzlyk babatda hemme taraplaýyn tekliplerini orta atmaklaryny gazanmakçy.

23-nji sentýabrda Nýu-Ýorkda çap edilen Kwartet inisiatiwasyna laýyklykda, ysraýyllylar we palestinalylar bir aý içinde göni gepleşiklere gaýtadan başlamalydy, emma bu aýdylan bolmady.

Kwartete Birleşen Ştatlar, Orsýet, BMG we ÝB girýär.
XS
SM
MD
LG