Sepleriň elýeterliligi

Berluskoni reformalar tassyklanandan soň işden çekilmekçi


Italiýanyň premýer-ministri Silwio Berluskoni Italiýanyň prezidentine özüniň hökümetiň durnuklylyk kanuny tassyk edilenden soň işden çekiljegini aýtdy. Bu kanunyň geljek hepde tassyklanmagyna garaşylýar.

Berluskoniniň hökümeti düýn parlamentde esasy ses berişlikde ýeňiş gazandy, emma 316 ornuň doly köplügini gazanmagy başarmady.

Prezident Giorgio Napolitano Berluskoni bilen premýer-ministr parlamentde köplügi ýitirenden bir sagat çemesi soňra duşuşdy.
XS
SM
MD
LG