Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

HAEG: Eýran ýadro bombasyny ýasamagyň üstünde işledi


BMG-niň ýadro gözegçiligi gullugy Eýran ýadro ýaragyny ýasamagyň üstünde işledi we şeýle ýaraga degişli barlaglary alyp bardy hem synag geçirdi diýýär.

Halkara atom energiýasy gullugynyň başlygy Ýukiýa Amano täze hasabat “Eýranyň ýadro partlaýjy serişdesini döretmäge degişli işler bilen meşgul bolandygyny görkezýär” diýdi.

Hasabatda Eýranyň käbir güman edilen ýaşryn ýadro işleriniň parahatçylykly maksatlarynyň bolup biljekdigi, emma “beýlekileriniň ýadro ýaraglaryna mahsusdygy” aýdylýar.

Halkara atom energiýasy gullugynyň hasabaty bu işleriň heniz hem dowam etdirilýän bolmagynyň ahmaldygyny aýdýar.

Eýranyň prezidenti Mahmud Ahmedinejad bu hasabat çap edilmezinden öň Eýranyň döwlet telewideniýesinde çykyş edip, “Amano diňe amerikan resmileriniň öz eline beren kagyzyny paýlaýar” diýdi.
XS
SM
MD
LG