Sepleriň elýeterliligi

Bosniýa polisiýasy ABŞ ilçihanasyna edilen hüjüm boýunça operasiýa geçirdi


Düýn giçlik Bosniýanyň polisiýasy ýakynda Saraýewo şäherindäki amerikan ilçihanasyna edilen hüjüm bilen baglanyşykly ýörite operasiýa geçirdi. Bu operasiýada bir adamyň tussag edilendigi habar berilýär.

Bosniýanyň prokuraturasy düýnki operasiýalarda ýurduň Gornýa Maoça raýonynda birnäçe ýaşaýyş jaýynda derňew-agtaryş işleriniň-de geçirilendigini mälim etdi.

Bu soňky tussag edilen adam amerikan ilçihanasyna garşy edilen hüjüm bilen baglanyşykly tussag edilen dördünji adamdyr.

Geçen aýyň ahyrynda asly serbiýaly, 23 ýaşly Mewlid Ýasarewiç Saraýewo şäherindäki amerikan ilçihanasyna awtomat ýaragyndan ok atyp, hüjüm edipdi. Wakada hiç hili adam ýitgisi bolmandy.
XS
SM
MD
LG