Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Orsýetiň planetara gämisinde näsazlyk ýüze çykdy


Düýn Orsýetiň kosmosa uçuran planetara gämisiniň dolandyryşynda käbir kynçylyklar ýüze çykdy.

“Fobos-Grunt” diýlip atlandyrylan bu kosmos gämisi soňky 20 ýylyň dowamynda Orsýetiň ilkinji gezek başga planeta ýollamak üçin uçuran kosmos gämisidir.

Planlaşdyrylyşyna görä, ol Mars planetasynyň Fobos atly hemrasyndan toprak alyp, 2014-nji ýylda yzyna dolanmaly. Ýöne kosmos giňişligine çykmagynyň yzy bilen, onuň günden energiýa alýan antennalarynyň açylmandygy habar berildi.

“Roskosmos” kompaniýasynyň başlygy Wladimir Popowkin kosmos gämisiniň öz energiýa baterýalarynyň güýji gaçmanka, ondaky näsazlyklary aradan aýyrmak üçin özlerinde üç gün möhletiň bardygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG