Sepleriň elýeterliligi

Palestinanyň BMG-e agzalygy boýunça ylalaşyga gelinmedi


BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň şu günki ýaýradan hasabatynda Palestinanyň Birleşen Milletler Guramasyna agzalyk meselesi babatda Geňeşiň düzüminde umumy bir ylalaşyga gelinmändigi aýdylýar.

Bu baradaky hasabatda 15 agzalyk Howpsuzlyk Geňeşinde Palestinanyň agzalyk meselesi boýunça dürli garaýyşlaryň ýüze çykandygy bellenilýär.

Bu hasabatyň yzy bilen Palestinanyň daşary işler ministri Riýad Maliki Amerikanyň Birleşen Ştatlaryny we Ysraýyly BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň agzalaryna basyş görkezmekde aýyplap çykyş etdi.
XS
SM
MD
LG