Sepleriň elýeterliligi

Wengriýanyň prezidenti Berdimuhamedow bilen duşuşdy


Düýn Wengriýanyň prezidenti Pal Şmidt Türkmenistana resmi sapara bardy.

Şu gün Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen wenger prezidenti Pal Şmidt özara gepleşik geçirdiler.

Bu gepleşiklerde ýangyç-energetika, transport, aragatnaşyk, söwda, saglygy saklaýyş we turizm pudaklaryndaky hyzmatdaşlyk meseleleri esasy üns merkezinde boldy.

Wengriýadan baran wekilçilikli delegasiýanyň agzalarynyň-da türkmen resmileri bilen gepleşik geçirjekdikleri habar berilýär.
XS
SM
MD
LG