Sepleriň elýeterliligi

Owganystanda 50-60 “Talyban” söweşijisi öldürildi


Owganystanyň Paktika welaýatynyň resmileri düýn owgan we koalision güýçleriň amala aşyran hüjümlerinde 50-60 töweregi “Talyban” söweşijisiniň öldürilendigini mälim etdiler.

Maglumata görä, bu harby operasiýa Paktika welaýatynyň Barmal etrapyndaky bir harby baza ýaragly söweşijileriň eden hüjümlerine gaýtawul çäresi hökmünde geçirilipdir.

Welaýatdaky halkara koalision güýçleriň metbugat sekretary öten agşam koalision güýçleriň harby bazasyna hakykatdanam ýaragly söweşijileriň uly bir toparynyň hüjüm edendigini we olara berk gaýtawul berlendigini tassyklady.

Emma ol bu çaknyşyklarda koalision güýçleriň ýitgi çekip-çekmändigi barada anyk maglumat bermedi.
XS
SM
MD
LG