Sepleriň elýeterliligi

Orsýet bilen Gürjüstan möhüm bir ylalaşyga gol çekişdi


Şu gün Orsýet bilen Gürjüstan Orsýetiň Dünýä Söwda Guramasyna agza bolmagyna ýol açýan özara möhüm bir ylalaşyga gol çekdiler.

Bu iki ýurduň wekilleriniň gepleşikleri Şweýsariýanyň araçyllyk etmeginde şu gün Ženewada geçirildi.

Ženewada gol çekilen ikitaraplaýyn ylalaşyga görä, indi Orsýetiň Günorta Osetiýa hem-de Abhaziýa bilen amala aşyrjak söwdalaryna garaşsyz bir kompaniýa gümrük gözegçiliklerini alyp barar.

Şu ylalaşygyň şertlerine görä, indi Orsýetiň Dünýä Söwda Guramasyna agza bolmak meselesi boýunça gepleşiklere-de ýol açylar diýlip garaşylýar.

Şu çaka çenli Orsýetiň bu gurama agza bolmagyna Gürjüstan weto goýup gelýärdi.
XS
SM
MD
LG