Sepleriň elýeterliligi

Türkmen Merkezi bankynyň başlygy Şweýsariýada


Türkmenistanyň Merkezi banky

Türkmenistanyň Merkezi banky

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň başlygy 8-12-nji noýabr aralygynda Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Bern we Sýurih şäherlerine sapar edýär. Türkmen metbugaty bu saparyň maksadynyň Şweýsariýanyň Milli banky bilen aradaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmekden we giňeltmekden ybaratdygyny habar berýär.

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň başlygy Tuwakmämmet Japarowyň Şweýsariýa edýän sapary barada türkmen metbugatynda, umumy maglumatdan başga, hiç bir takyk informasiýa berilmedi. Türkmen resmisiniň bu sapary boýunça Şweýsariýanyň Milli bankynyň metbugat-wekili Walter Meýeriň Azatlyk Radiosynyň Türkmen gullugyna ugradan beýanatynda bolsa şeýle diýilýär:

— 2008-nji ýylda Türkmenistan özüniň pul birliginiň umumy alyş-çalyş derejesini girizenden soň, häzir ol öz ykdysady pudagyny özgertmek üçin mundan beýläk-de ykdysady reformalary geçirmegi planlaşdyrýar. Bu reformalar Halkara pul gaznasy we Bütindünýä banky tarapyndan goldanylýar. Şonuň çäginde-de türkmen delegasiýasy Şweýsariýanyň maliýe sistemasyny, şeýle-de ykdysady sektoryny dolandyrmagyň öňdebaryjy tärlerini öwrenmek üçin sapar edýär.

Iki aý mundan öň Şweýsariýa Konfederasiýasynyň wise-prezidenti we maliýe ministri Ewelin Widmer-Şlumpf Türkmenistanda saparda bolup, prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bilen hem gepleşik geçiripdi. Şonda taraplaryň “hökümetara hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary, şol sanda energetika, maliýe, sermaýa we turizm ýaly ugurlar boýunça bilelikde işleşmek mümknçilikleri” barada maslahat geçirendigini resmi metbugat habar beripdi.

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň öňki başlygy Hudaýberdi Orazowyň aýtmagyna görä, ilkibaşlarda-da Türkmenistanyň Şweýsariýa bilen maliýe pudagynda gowy hyzmatdaşlygy ýola goýlupdyr. Emma, Orazowyň bellemegine görä, ýurduň ozalky lideri Saparmyrat Nyýazow zerarly bu başlangyçlaryň ömri uzak bolmandyr.

Ýakynda Türkmenistanda “Türkmenistanyň bank sistemasyny özgertmegiň 2011-2030-njy ýyllar üçin döwlet programmasy” kabul edildi. Bu programma bank ulgamynyň ösüşiniň strategiki ugurlaryny kesgitläp, ýurduň bank sistmasynyň halkara maliýe ulgamlaryna goşulmagyny sazlamaly. Emma, Orazowyň pikiriçe, Berdimuhamedowyň häkimiýete geçmegi bilen maliýe pudagynda belli bir öňegidişlikler bolan hem bolsa, häzir olaryň depgini gowşapdyr.

Şweýsariýanyň Milli bankynyň resmi websaýtynda ýerleşdirilen maglumata laýyklykda, birnäçe ýyl ozal bankyň ekspertleri Türkmenistanyň Merkezi bankyna ýurtda manadyň täze görnüşini dolanyşyga girizmek boýunça konsultasiýalary-da beripdirler. Şonuň dowamynda pul birliginiň hili we durnuklylygy, şeýle-de dolanyşykdaky bolan ozalky manat bilen täze pul birliginiň alyş-çalyş derejesi boýunça-da maslahat berlipdir.

Şweýsariýanyň Milli banky, ýagny Şweýsariýanyň Merkezi bankynyň düýbi 1907-nji ýylda esaslandyrylyp, häzir bankyň iki baş edarasynyň biri – Bernde, beýlekisi-de Sýurihde ýerleşýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG