Sepleriň elýeterliligi

Berluskoni wezipesinden çekilmäge razydygyny aýtdy


Italiýanyň premýer-ministri Silwio Berluskoni

Italiýanyň premýer-ministri Silwio Berluskoni

Indi köp wagtdan bäri öz wezipesinde dyrjaşyp, saklanyp gelýän italýan premýer-ministri Silwio Berluskoni sişenbe güni parlamentde geçirilen ses berişligiň yzy bilen, özüniň bu wezipeden gitmäge razydygyny mälim etdi.

Ýöne ol Italiýanyň parlamentiniň Ýewropa Bileleşigi tarapyndan talap edilýän ykdysady reformalary kabul eden halatynda, öz wezipesinden gitjekdigini aýtdy. Bu gürrüň edilýän reformalar boýunça ses berişlik bolsa, şu aý geçiriler diýlip garaşylýar.

Sişenbe güni Italiýanyň parlamentinde geçirilen ýorite ses berişlikde deputatlaryň aglaba köpçüliginiň Berluskoniniň öz wezipesinde galmagyny goldamaýandyklary belli boldy. Munuň özi Silwio Berluskoniniň öz partiýasynyň käbir wekilleriniň-de indi ony goldamaýandyklaryny görkezýär.

Bu wakalar şu hepde Italiýanyň Ýewropa Bileleşiginden alýan karzlarynyň iň ýokary derejä ýetendigi barada peýda bolan maglumatlaryň yzy bilen ýüze çykdy. Köp resmiler Italiýanyň ýüzbe-ýüz bolan häzirki maliýe krizisinde Berluskoniniň hökümetiniň maliýe syýasatyny tankytlaýarlar.

75 ýaşly Silwio Berluskoni soňky wagtlar jynsy gatnaşyklar, kanunçylygy bozmak, syýasy ynamdan gaçmak, ýurduň ykdysady kynçylyklaryna çözgüt tapmazlyk ýaly meselelerde bildirilýän aýyplamalar bilen ýüzbe-ýüz bolup gelýär.

Saklanyp geldi

Emma öz garşydaşlarynyň bu aýyplamalaryna hem-de özüniň wezipesinden çekilmelidigi barada edýän talaplaryna garamazdan, premýer-ministr Silwio Berluskoni şu çaka çenli öz wezipesinden gitmän, saklanyp geldi.

Onuň wezipesinden gitmelidigi barada edilýän çagyryşlary sişenbe güni geçirilen parlament maslahatynda oppozision Demokratik partiýanyň lideri Pýer Luiji Bersani hem gaýtalady.

“Eger seniň içiňde Italiýa babatda nähilidir bir jogapkärçilik duýgusy saklanyp galan bolsa, haýyş edýän, wezipäňden çekil! Biz jogapkärçilikleri öz üstümize alarys. Biz öz ýurdumyz üçin jogapkärçiligi öz üstümize alarys” diýip, Pýer Luiji Bersani Berluskonä ýüzlendi.

Italiýanyň oppozisiýasy Silwio Berluskoniniň hökümetini ýurduň bergi problemalaryny çözmäge hem-de ösüş ýoluna tarap ümzük tutmaga ukypsyzlykda tankytlaýar.

Käbir analitikler hem Italiýanyň Ýewropa Bileleşiginiň maliýe kömegine bil baglardan juda uly döwletdigini, emma, muňa garamazdan, onuň häzirki wagt Gresiýanyň, Irlandiýanyň we Portugaliýanyň ýüzbe-ýüz bolşy ýaly derejede uly karza mätäçlik ýagdaýyna golaý barandygyny aýdýarlar.

Gresiýanyň defisit problemalarynyň üstesine indi Italiýada ýüze çykmagy mümkin problemalar tutuş ýewrozonanyň maliýe krizisinden halas bolmak meselesini sorag astynda goýýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG