Sepleriň elýeterliligi

HAEG: Eýran ýadro ýaraglaryny öndürmek boýunça işledi


Eýranyň Ispyhan şäheriniň golaýyndaky uran ýangyjyny öndürýän stansiýada, 2009-njy ýyl.

Eýranyň Ispyhan şäheriniň golaýyndaky uran ýangyjyny öndürýän stansiýada, 2009-njy ýyl.

Birleşen Milletler Guramasynyň Halkara atom energiýasy gullugynyň Eýranda atom ýaraglaryny öndürmek alamatlarynyň bardygyna ozal beýle açyk salgylanan mahaly ýokdy. Gullugyň sişenbe güni neşir edilen hasabatynda Eýranyň ýadro ýaraglaryny öndürmek barada iş alyp barandygy hakda maglumatyň bardygy aýdylýar.

Halkara atom energiýasy gullugynyň (HAEG) başlygy Ýukia Amano

Halkara atom energiýasy gullugynyň (HAEG) başlygy Ýukia Amano

Halkara atom energiýasy gullugynyň (HAEG) başlygy Ýukia Amano: “Eýranyň ýaşyryn alyp baran şübheli ýadro işleriniň käbirini, onuň aýdyşy ýaly, parahatçylykly maksatlar üçin ulanyp bolýar, ýöne beýlekiler welin, ýörite atom ýaraglaryna degişli işler” diýýär.

Eýran ara salym salman bu hasabaty ýazgardy. Onuň HAEG-däki wekili Ali Asgar Soltaniýeh: “Hasabatda deňagramlylyk ýok, ol syýasy sebäpli” diýdi.

Soltaniýeh: “Bu hasabat deňagramly, deň ölçegli däl. Ol syýasy sebäpli, esasan-da Birleşen Ştatlaryň syýasy gysyşy bilen taýýarlanypdyr. Bu hasabatyň adaty düzgünden çykmagy gynançly ýagdaý” diýip, bu ugurdan Tähranyň pozisiýasyny mälim etdi.

Halkara arkalaşygy Eýran köp wagtdan bäri atom ýaraglaryny öndürmäge synanyşýar diýip, güman edýär. Bu işini duruzmagy üçin hem onuň garşysyna soňky ýyllarda dört gezek sanksiýa girizildi.

Atom gullugy Eýranyň ýadro ýaraglaryny öndürmekde näderejede öňegidişlik gazananyny aýdanok. Ýöne ol ýadro synaglaryny geçirmek üçin baryp 2000-nji ýylda bir gap döredilendigi barada elinde subutnama bardygyny belleýär.

Eýran inkär edýär

Eýranyň prezidenti Mahmud Ahmedinejad

Eýranyň prezidenti Mahmud Ahmedinejad

Hasabat çykmazdan birnäçe sagat öň, Eýranyň döwlet telewideniýesinde çykyş eden prezident Mahmud Ahmedinejad Ýukia Amanonyň edýäni amerikan resmileri tarapyndan “eline berlen kagyzlary halka ýetirmek” diýdi.

“Men özünde erk-ygtyýar ýok adamyň atom energiýasy gullugynyň depesinde oturdylandygyna gynanýaryn. Ol gullugyň öz düzgünlerini-de bozýar. Dokumentleriň käbiri amerikanlar tarapyndan ýazylyp, onuň eline berlen. Ol diňe gelip, dyngysyz gürleýär. Ol Amerika barada hasabat çykarmaly, Amerikanyň dostlary barada hasabat çykarmaly” diýip, Ahmedinejad aýtdy.

Eýranyň prezidenti öz ýurdunyň ýadro ýaraglaryny öndürmek barada iş alyp barmaýandygyny gaýtalap: “Eýran ýadro programmasyny duruzmaz” diýdi.

Hasabatyň ile ýetirilmegini Orsýet-de tankytlap, onuň ýadro dawasynyň diplomatik ýollar bilen çözülmegine zyýan ýetirmeginiň mümkindigini aýtdy.

Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamentiniň sözçüsiniň aýtmagyna görä, Waşington hasabaty ara alyp maslahatlaşmazdan öň, ol barada beýanat etmez. Obamanyň administrasiýasy häzir Tähranyň garşysyna ýene sanksiýalaryň gerekdigini halkara ýaranlaryna ynandyrmaga synanyşýar.

Eýranyň ýolbaşçylary hasabat çykmazdan öň, onuň netijelerinden gorkup, atom ýaraglary bilen baglanyşykly gürrüňleri inkär edip ugradylar. Ýurduň daşary işler ministri Ali Akbar Salehi sişenbe güni, entek hasabat çykmanka: “Ol esassyz aýyplamalary öz içine alsa, onda BMG-niň gullugynyň bitaraplygy sorag astyna düşer” diýdi. Salehi: “Ýadro programmasy barada hiç bir subutnamasyz Eýrana basyş edilýär” diýip, çykyş etdi.

Duýduryş berildi

Hasabat ýaýradylandan soň, Fransiýa, şeýle hem Amerikanyň kanun çykaryjylary Eýranyň garşysyna Birleşen Milletler Guramasy, Birleşen Ştatlar, Ýewropa Bileleşigi tarapyndan ozal girizilen sanksiýalardan daşgary ýene käbir çäreleri girizmek bilen duýduryş berdiler.

Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň sözçüsi bolsa Pekiniň hasabat barada oýlanýandygyny bildirip: “Orta Gündogaryň howpsuzlyk ýagdaýyna bulam-bujarlyk salmakdan gaça durmak hem region, hem halkara jemgyýetçiligi üçin möhüm” diýdi.

Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahunyň sözçüsi hasabatda görkezilen bir “awtomatik reaksiýanyň” bolmajakdygyny aýtdy. Ýaňy birnäçe günlükde Ysraýylyň prezidenti Şimon Peres Eýranyň garşysyna gönükdirilen hüjümiň indi “ähtimallygynyň barha artýandygyny” aýdypdy.

Eýranyň ýaragly güýçleriniň başlygynyň orunbasary çarşenbe güni Ysraýyl Yslam Respublikasyna hüjüm etse, “weýrançylyk” bilen ýüzbe-ýüz bolar diýip, duýduryş berdi. Brigada generaly Masoud Jezaýeriniň Eýranyň arap dilinde programma berýän “Al-Alem” telekanalyna beren interwýusynda aýtmagyna görä, Eýranyň berjek jogaby diňe “Orta Gündogar bilen çäklenmez”.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG