Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Netanýahu: Dünýä Eýranyň ýadro ýaragyny edinmeginiň öňüni almaly


Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu dünýä Eýranyň ýadro ýaraglaryny edinmeginiň öňüni almaly diýdi.

Netanýahunyň edarasynyň HAEG-niň täze hasabatyndan soň ýaýradan beýanatynda Tähranyň ýadro ýaragyna eýe bolmagynyň dünýä we Orta Gündogar parahatçylygyna wehim salýandygy nygtalýar.

BMG-niň Halkara atom energiýasy gullugy agza ýurtlardan we beýleki ýerlerden toplanan maglumatlar esasynda ikinji gün çap eden hasabatynda Eýranyň ýadro ýaraglaryny edinmek bilen bagly synaglary geçirendigini aýtdy.

Eýranyň prezidenti Mahmud Ahmedinejad telewideniýede berlen çykyşynda bu hasabatda aýdylýanlary ret etdi we Eýranyň ýadro programmasynyň parahatçylyk maksatlydygyny gaýtalady.
XS
SM
MD
LG