Sepleriň elýeterliligi

ABŞ Pakistanyň ýadro ýaraglarynyň ygtybarlydygyna ynanýandygyny aýdýar


Birleşen Ştatlar Pakistanyň ýadro ýaraglarynyň ynamdar ellerde saklanýandygyna ynanýar diýip, Döwlet departamentiniň sözçüsi Yslamabadyň ýadro arsenalynyň ogurlanmak ähtimallygy barada aýdylýanlary ret etdi.

Döwlet departamentiniň sözçüsi Mark Toner Waşingtonda žurnalistlere Birleşen Ştatlar ygtybarlylygyň gowşadylandygyna ynanmaýar diýdi.

Birleşen Ştatlaryň iki neşiri, “The Atlantic” we “National Journal” ady aýdylmaýan çeşmelere salgylanyp, geçen hepde Pakistanyň ýadro ýaraglarynyň, amerikan içalylaryndan gizlemek üçin, howpsuzlygy pes ulaglarda başga ýere geçirilendigini ýazdy.
XS
SM
MD
LG