Sepleriň elýeterliligi

NATO: Gürjüstan ýaranlyga goşulmak üçin has köp reforma etmeli


NATO-nyň baş sekretary Anders Fog Rasmussen Gürjüstanyň harby ýaranlygyň doly agzalygyny almagy üçin has köp reforma etmegi gerek diýýär.

NATO-nyň başlygy bu sözleri düýn Tbiliside NATO-Gürjüstan komissiýasynyň ýygnagynda aýtdy.

Ol Gürjüstanyň 900-den gowrak esgeriniň Owganystanda gulluk edýändigini we olaryň Günbatar ýolbaşçylygyndaky operasiýada NATO agza bolmadyk ikinji uly kontingentdigini belledi.

Rasmussen Gürjüstanyň NATO köp golaý gelendigini, ýöne käbir ugurlarda entek edilmeli işleriň hem bardygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG