Sepleriň elýeterliligi

Türkiýede bolan ýer titremesinde azyndan 5 adam öldi


Türkiýäniň gündogaryndaky Wan welýatynda bolan ýer titremesinde azyndan 5 adam öldi, onlarça adam myhmanhanalaryň we beýleki binalaryň harabasynyň astynda galdy.

Türkiýäniň premýer-ministriniň orunbasary halas ediş işgärleriniň ýer titremesinde ýykylan üç binanyň harabasynyň astyndan 20 adamy çykarandyklaryny aýtdy.

Beşir Atalaý azyndan 5 adamyň ölendigini we onlarça adamyň harabalaryň astynda galandygyny aýdýar. Ol üçünji gün bolan ýer titrmesiniň Wanda 25 binany ýumrandygyny, emma olaryň diňe üçüsiniň adamly bolandygyny, beýlekileriniň ýaşaýjylarynyň geçen aýda bolan güýçli ýer titrmesinden soň başga ýere göçürilendigini aýtdy.

Birleşen Ştatlaryň Geologiki gözegçiligi Wan şäheriniň 16 km günortasynda bolan ýer silkinmesiniň güýjüniň 5,7 balldygyny aýtdy.

Üç hepdä golaý öň Wanyň demirgazyk-gündogarynda 7,6 ball güýjündäki ýer titrmesi bolup, 600 çemesi adam ölüpdi. Şondan bäri bu ýerde ýüzlerçe ýer sarsgyny boldy.
XS
SM
MD
LG