Sepleriň elýeterliligi

Britan studentleri okuw tölegleriniň ýokarlanmagyna protest bildirdi


Düýn Londonyň merkezinde müňlerçe britan protestçisi ýöriş etdi. Bu protest hökümetiň täze tygşytlylyk çärelerine garşy geçirildi we oňa gatnaşanlaryň köpüsi studentler boldy.

Britaniýanyň dürli ýerlerinden ýygnanan 10 müň çemesi protestçi koalision hökümetiň bilim syýasatyna garşy demonstrasiýa goşuldy.

Protestçiler okuw tölegleriniň kem-kemden ýokarlanmagyny ýazgarýan şygarlary galdyrdylar.

Protestçileriň bir bölegi Londonyň taryhy Trafalgar meýdançasynda ondan gowrak çadyr dikdi.
XS
SM
MD
LG