Sepleriň elýeterliligi

Barlag: Germaniýada 3 müň adam mejbury nika bilen ýüzbe-ýüz boldy


Hökümetiň tabşyrygy boýunça geçirilen barlag Germaniýada bir ýylyň dowamynda üç müňden gowrak aýal-gyzyň mejbury nika bilen ýüzbe-ýüzbe bolandygyny görkezdi.

Geçirilen barlagyň tapyndylaryna görä, 2008-nji ýylda Germaniýada ýaşaýan adamlaryň 3,400-den gowragynyň mejbury nikalaşandygy ýa-da mejbury nika bilen gorkuzylandygy hasaba alnypdyr.

Olaryň hemmesi diýen ýaly zenan we Türkiýe, Serbiýa, Kosowa, Montenegro, Yrak we Owganystan ýaly ýurtlardan gelen bosgun maşgalalaryň çagalary eken.

Olaryň köpüsi 18 bilen 21 ýaşyň arasynda bolsa, tas üçden biri 17 ýaşdan aşakdaky gyzlardyr.

Barlag olaryň köpüsiniň durmuşa çykmaga yrmak üçin urlup-ýenjilendigini we fiziki süteme sezewar edilendigini görkezýär.

Germaniýa geçen ýyl mejbury nika garşy kanun kabul etdi.
XS
SM
MD
LG