Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“USS Cole” partlamasynyň gümanlysy tribunala getirildi


Amerikanyň “USS Cole” uruş gämisini partlatmakda esasy güman edilýän adam Guantanamo aýlagyndaky harby tribunalyň öňüne getirildi.

Saud asylly Abd al-Rahim al-Naşiri 2000-nji ýylda Birleşen Ştatlaryň 17 deňizçisini öldüren partlamany gurnan diýip bilinýär.

Häkimiýetler onuň Osama bin Ladenden göni buýruk alandygyny we 2002-nji ýylyň oktýabrynda Fransiýanyň “MV Limburg” atly super tankerini partlatmagy gurnandygyny aýdýarlar. Şol partlamada bir adam ölüpdi.

Şeýle-de ol 2000-nji ýylyň ýanwarynda Amerikanyň ýene bir uruş gämisini, “USS The Sullivansy” partlatmaga synanmakda aýyplanýar. Eger günäli tapylsa, oňa ölüm jezasy garaşýar.

Al-Naşiri 2002-nji ýylda Dubaýda tutuldy we 2006-njy ýylyň sentýabrynda Guantanamo getirilmezinden öň Merkezi aňtaw gullugy tarapyndan dürli ýerlerdäki ýaşryn türmelerde saklandy.
XS
SM
MD
LG