Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan bilen Wengriýa bilelikde jarnama kabul etdi


Wengriýa respublikasynyň prezidenti Pal Şmidt Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň çakylygy esasynda 8-10-njy noýabr aralygynda Türkmenistana resmi sapar etdi.

Saparyň dowamynda Türkmenistanyň we Wengriýa respublikasynyň prezidentleri türkmen-wenger gatnaşyklarynyň ýagdaýy we perspektiwalary, şeýle-de özara gyzyklanma döredýän halkara meseleleri barada giňişleýin pikir alyşdylar.

Döwlet baştutanlary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meseleleri barada söz açyp, syýasat, ykdysadyýet, medeniýet we beýleki ugurlardaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň giň mümkinçilikleriniň bardygyny bellediler diýip, iki döwletiň baştutanlarynyň bilelikde çap eden jarnamasynda aýdylýar.
XS
SM
MD
LG