Sepleriň elýeterliligi

Arap liderleri Siriýanyň Assadyna gaçybatalga teklip edýär


Birleşen Ştatlaryň ýokary derejeli diplomatynyň kanun çykaryjylara aýtmagyna görä, arap liderleri oňa özleriniň Siriýanyň prezidenti Başar al-Assada işden çekilmek şerti bilen gaçybatalga teklip edendiklerini gürrüň beripdirler.

Döwlet sekretarynyň Ýakyn Gündogar meseleleri boýunça kömekçisi Jefriý Feltman arap liderleriniň tas ählisiniň şol bir zady aýdýandygyny, “Assadyň dolandyryşy soňlanýar” diýýändiklerini aýtdy.

Feltman Senatyň daşary gatnaşyklar komitetiniň agzalarynyň öňünde Assadyň protestçileri basyp ýatyryşyna bagyşlanyp geçirilen diňlenişikde çykyş etdi.

Siriýada martyň ortalarynda başlan protestlere garşy görlen hökümet çäreleri netijesinde, BMG-niň tassyklamagyna görä, 3,500-den gowrak adam öldürildi.

Adam hukuklary toparlary düýn Siriýanyň howpsuzlyk güýçleriniň 12 adamy öldürendiklerini aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG