Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ysraýylyň öňki prezidentine çykarylan höküm öz güýjünde galýar


Ysraýylyň ozalky prezidenti Moşe Katsawa çykarylan höküme garşy berlen arzany ýurduň ýokary sudy ret etdi. Katsaw jynsy zorluklarda aýyplanyp, ýedi ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi.

Katsaw Ministrler Kabinetiniň agzasy bolan wagty bir aýaly zorlamak, şeýle-de 2000-2007-nji ýyllar aralygynda prezidentlik eden döwri iki aýala jynsy zorluk görkezmek boýunça geçen ýylyň dekabrynda günäli tapylypdy.

Sud Katsawyň arzasy seredilýänçä, oňa erkinlikde bolmaga rugsat beripdi. Indi, 65 ýaşly Katsaw 7-nji dekabrdan başlap, türmede tussaglyk jezasyny çekip başlar.
XS
SM
MD
LG