Sepleriň elýeterliligi

Bank işgäri Gresiýanyň premýer-ministri boldy


Ýewropanyň Merkezi bankynyň ozalky wise-prezidenti Lukas Papademos Gresiýanyň täze premýer-ministri diýlip, resmi taýdan yglan edildi.

Bu baradaky netije Gresiýada syýasatçylaryň geçiren maslahatynyň dördünji güni yglan edildi.

Gresiýanyň bankrot bolmak howpy bolsa has hem artýar.

Papandemosyň ýolbaşçylygyndaky täze hökümet Gresiýanyň halkara kreditorlary bilen ylalaşylan halas ediş çärelerini amala aşyrmaly bolar.

Eger-de halas ediş kömegi berilmese, onda birnäçe hepdäniň dowamynda Gresiýanyň pulunyň gutarmak, şeýle-de onuň ýewrozonadan çykmak howpy bar.
XS
SM
MD
LG