Sepleriň elýeterliligi

Müsür-Ysraýyl-Iordaniýa gaz geçirijisi partladyldy


Şu gün irden Müsüriň Dermirgazyk Sinaý ýarym adasynda Müsür, Ysraýyl we Iordaniýa arasyndaky gaz geçiriji partladyldy. Munuň netijesinde gaz geçirijiniň işi togtadyldy.

Müsüriň howpsuzlyk güýçleriniň berýän maglumatyna görä, bu gaz geçiriji şu ýylyň dowamynda alty gezek partladylypdyr.

Şu ýylyň fewralynda ýurduň öňki lideri Hosni Mubarek häkimiýetden çetleşdirilenden bäri, näbelli diwersantlar gaz geçirijä hüjüm edýärler.

Müsür bilen Ysraýyl tebigy gaz söwdasy boýunça 20 ýllyk ylalşyk baglaşypdy. Emma bu Müsüriň halky tarapyndan ýaramaz garşylanypdy.
XS
SM
MD
LG