Sepleriň elýeterliligi

Ýewrokomissiýa ýewro yzagaýdyşlygy barada duýduryş berýär


Ýewropa Komissiýasynyň duýdurmagyna görä, bergi krizisiniň Italiýa ýaýramgy netijesinde 17 döwletden ybarat ýewrozonanyň geljek ýylda maliýe yzagaýdyşlygyna uçramagy mümkin.

Britaniýanyň premýer-ministri Deýwid Kameron hem çykyş edip, Italiýanyň bergi problemasy Ýewropanyň umumu pul birligine “häzirki döwrüň açyk” howpy diýdi. Britaniýanyň özi ýewrozonanyň agzasy däl.

Halkara walýuta gaznasynyň başlygy Kristin Lagard Italiýany we Gresiýany “has açyk” syýasat ýöretmäge çagyrdy.
XS
SM
MD
LG