Sepleriň elýeterliligi

Aktiwistler Siriýada 15 adamyň öldürilendigini aýdýarlar


Siriýaly aktiwistler ýurt boýunça 15 adamyň, şol sanda 8 ýaşly gyzyň hem öldürilendigni aýdýarlar.

Düýbi Britaniýada ýerleşýän Siriýa adam hukuklary obzerwatoriýasy ol gyzyň düýn Homsda, gozgalaňyň episentrine öwrülen şäherde öldürilen birnäçe adamyň biridigini aýdýar.

Goşun dezertirleri bilen esgerleriň arasynda hem atyşyklaryň bolandygy, netijede 6 esgeriň öldürilendigi aýdylýar.

BMG Siriýada soňky sekiz aýyň dowamynda protestçilere garşy görülýän çäre sebäpli 3,500 töweregi adamyň öldürilendigini aýdýar.
XS
SM
MD
LG