Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Hameneýi Birleşen Ştatlara we Ysraýyla duýduryş edýär


Eýranyň ýokary lideri düýn Birleşen Ştatlaryň we Ysraýylyň Tähranyň ýadro nokatlaryny ýok etmek üçin görjek islendik harby çäresi “demir ýumruklar” bilen garşylanar diýdi.

Döwlet telewideniýesi Aýatolla Ali Hameneýiniň sözlerine salgylanyp, “islendik görnüşdäki howpa we hüjüme ýa-da hatda harby çäre barada pikir edilmegine berk gaýtargy berler” diýdi.

Hameneýi bu sözleri Halkara atom engergiýasy gullugynyň täze hasabaty çap edilenden iki gün soň aýtdy.

Ol hasabatda Eýranyň ýadro ýaragyny edinmek üçin synag geçirendigi we henizem gizlin barlaglary alyp barýan bolmagynyň ahmaldygy güman edilýär.
XS
SM
MD
LG