Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Gazak deputatlary prezidentiň parlamenti dargatmagyny soraýarlar


Gazagystanyň parlamentiniň aşaky öýüniň deputatlary düýn prezident Nursoltan Nazarbaýewiň parlamenti dargatmagyny haýyş etdiler.

Bu çäre irki parlament saýlawlarynyň geçirilmegine we häzir dolandyryjy Nur Otan partiýasy tarapyndan eýelenen Mejlisde azyndan ýene bir partiýanyň orun almagyna ýol açar.

Saýlaw kanunlaryna girizilen düzedişler saýlawlarda ikinji orna düşen partiýa hem parlamentde orun almaga şert döredýär.
XS
SM
MD
LG