Sepleriň elýeterliligi

logo-print

General Ratko Mladiç suda gelerden halsyzdygyny aýdýar


Ozalky bosniýaly serb harby serkerdesi, general Ratko Miladiç özüniň uruş jenaýatlary baradaky suduň nobatdaky diňlenişigine barardan gaty mejalsyzdygyny aýdýar.

BMG-niň tribunaly Mladiçiň özüniň nobatdaky sud diňlenişigine baryp bilmejegini aýdyp dolduran formal düşündirişini çap etdi. Emma sud Mladiçiň saglyk ýagdaýy baradaky jikme-jiklikleri aýtmady.

69 ýaşyndaky Mladiç Bosniýa urşy mahalynda serb zalymlyklary sebäpli gyrgynçylykda we adamzada garşy jenaýatda aýyplanýar.
XS
SM
MD
LG