Sepleriň elýeterliligi

Owganystanda janyndan geçen bombaçylar üç adamy öldürdi


Owgan resmileri düýn Paktiýa welaýatynda hökümet resmileriniň edarasyna edilen hüjümde azyndan üç polisiýa ofiseriniň öldürilendigini aýtdylar.

Paktiýa welaýatynyň sözçüsi Ruholla Samun Zumat etrabyndaky hökümet jaýlaryna bäş sany janyndan geçen bombaçynyň hüjüm edendigini mälim etdi.

Samun üç bombaçynyň özüni partladyp ýetişendigini, beýleki ikisiniň howlynyň girelgesinde özlerini partlatmaga synananda polisiýa tarapyndan öldürilendigini aýtdy.

Sözçi bombaçylaryň etrap häkiminiň geljek hepde Kabulda boljak Loýa jyrga barada ýerli ýaşulular bilen geçirýän maslahatyny nyşana alandyklaryny mälim etdi.

Prezident Hamid Karzaý tarapyndan çagyrylan Loýa jyrgada “Talyban” bilen ýaraşyk synanyşygy we Owganystanyň Birleşen Ştatlar bilen uzak möhletli gatnaşygy ara alnyp maslahatlaşyljak.

“Talyban” bu gurultaýa gatnaşan adamlary öldürjegini aýdyp, haýbat atdy.
XS
SM
MD
LG