Sepleriň elýeterliligi

Ozalky bankir Papademos Gresiýanyň premýeri boldy


Ýewropanyň Merkezi bankynyň öňki wise-prezidenti Lukas Papademos Gresiýanyň premýer-ministrligine bellendi. Ol işden çekilen sosialist premýer-ministr Jorj Papandreonyň ýerine gelýär.

Bu karara Gresiýanyň syýasy liderleriniň dört günläp dowam eden gyzgyn çekeleşiklerinden soňra gelindi.

Papademos tarapyndan ýolbaşçylyk ediljek wagtlaýyn koalisiýa hökümeti Gresiýanyň halkara borçdarlary bilen baglaşan 130 milliard ýewroluk halas ediş ylalaşygyny durmuşa geçirer.

Papademos premýer-ministrlige bellenenden soň metbugata aýdan ilkinji sözlerinde özüniň Gresiýanyň ýewrozona agzalygynyň pul durnuklygygy üçin kepillikdigine razy edilendigini aýtdy.

German kansleri Angela Merkel bolsa düýn Berlinde öz hökümetiniň iň ileri tutýan meselesiniň ýewro zonasyny häzirki durkunda durnuklylaşdyrmakdan ybaratdygyny aýtdy.

Adatdan daşary halas ediş fondlary bolmasa, Gresiýa gaty basym pulsuz galmak howpy bilen ýüzbe-ýüz dur we bu ýagdaý onuň ýewro zonasyny terk etmegine hem getirip biler.
XS
SM
MD
LG