Sepleriň elýeterliligi

Gazak deputatlary parlamentiň dargadylmagyny soraýar


Nazarbaýewiň “Nur Otan” partiýasy häzir 105 orunly Mejlisiň we 47 orunly Senatyň ähli ornuny öz elinde saklaýar.

Nazarbaýewiň “Nur Otan” partiýasy häzir 105 orunly Mejlisiň we 47 orunly Senatyň ähli ornuny öz elinde saklaýar.

Gazagystanyň parlament agzalary penşenbe güni prezident Nursoltan Nazarbaýewden ýurduň Mejlisini dargatmagy hem-de irki saýlawlara çagyrmagy haýyş etdiler. Parlament tutuşlygyna Nazarbaýewiň “Nur Otan” partiýasynyň gözegçiliginde bolansoň, bu herekete häkimiýetleriň berk tankytlanýan ýeke partiýalylyk sistemasyny soňlamak ugrunda edýän tagallasy hökmünde seredildi. Muňa garamazdan, irki saýlawlar oppozisiýa partiýalaryna saýlaw kampaniýalaryny geçirmek üçin gaty az wagt berer.


Parlamentiň dargadyljagy barada aýlap dowam eden gürrüňlerden soň, gazak parlamentiniň deputatlary penşenbe güni prezidente parlamenti dargatmak barada ýazmaça haýyş bilen ýüz tutdular. Prezident Nursoltan Nazarbaýewiň bu haýyşy ýerine ýetirmegine we irki saýlawlara ýol açmagyna garaşylýar. Ýerli metbugatyň çakyna görä, bu saýlaw 15-nji ýanwarda geçiriler.

Bu inisiatiwa kanun çykaryjylaryň 2012-nji ýylyň ahyryna bellenen saýlawlar barada pikir etmän, derhal ykdysadyýet bilen meşgul bolmagyna ýol açmagyň bir çäresi hökmünde düşündirildi. Şeýle-de bu göçüme Astananyň bir partiýaly sistema babatdaky halkara tankydyndan aňsatlyk bilen dynjak bolmagy hökmünde garalýar. Nazarbaýewiň “Nur Otan” partiýasy häzir 105 orunly Mejlisiň we 47 orunly Senatyň ähli ornuny öz elinde saklaýar. Emma, muňa garamazdan, eger taryh bir görkeziji bolsa, bu göçüm oppozisiýa partiýalaryna saýlaw kampaniýalaryna taýýarlyk üçin gaty az wagt berer.

Gazak kanunçylygy prezidente, deputatlar talap eden ýagdaýynda, irki saýlawlary yglan etmäge ygtyýar berýär. Şeýle-de Nazarbaýewiň premýer-ministr we iki palataly kanun çykaryjy organyň ýolbaşçylary bilen maslahatlaşyp, parlamenti dargatmak hukugy bar. Kanun çykaryjylar parlamenti dargatmak barada Nazarbaýewe iberilen hata Mejlisiň 53 agzasynyň gol çekendigini aýdýarlar.

Penşenbe güni Astanada geçen metbugat ýygnagynda bu täzeligi yglan eden mejlis agzasy Nurtaý Sabilýanowyň Azatlyk Radiosynyň Gazak gullugyna aýtmagyna görä, häzirki Mejlisiň dargadylmagynyň sebäpleriniň biri azyndan iki syýasy partiýaly täze parlamenti döretmek bilen bagly. Sabilýanow özleriniň prezidente ýazan hatlaryna salgylanyp, şeýle diýdi:

—Biziň häzirki kanunlarymyza görä, saýlaw netijeleriniň nähili boljagyna garamazdan, indiki parlament birden köp partiýa eýe bolar. Şu sebäpden, köppartiýaly sitema ýol açýan demokratiki mehanizmi işe girizmekden ötri, bu çäräni haýal etmän durmuşa geçirmek gerek.

Gazagystan geçen ýyl parlamente girmek bäsleşiginde ikinji orna düşen islendik partiýa ýol açmak üçin saýlaw kanunlaryna düzediş girizdi. Bu ýagdaý indiki saýlawlarda dolandyryjy partiýadan başga-da orun aljak partiýalaryň boljagyny aňladýar. Parlament wekilçiligi üçin talap edilýän 7 prosent päsgelçiligi hem, oppozisiýa partiýalarynyň aşyp bilmejek bökdençligi hökmünde, aýrylyp taşlandy.

Nazarbaýew şu ýylyň başynda häzirki Mejlisiň 2012-nji ýylyň awgust-sentýabrynda öz möhletini tamamlaýança işlejegini aýtdy. Emma, muňa garamazdan, prezidentiň geňeşçisi Ýermuhammet Ýertysbaýew ýerli metbugata onuň “yrlandygyny” we Nazarbaýewiň parlamenti dargydyp, saýlawlaryň ýanwarda geçirilmegini goldajagyny aýtdy.

Nazarbaýew aprelde geçirilen irki prezident saýlawlarynda sesleriň 95 prosentden gowragyny alyp, ýene bir möhlete prezident saýlandy. Şonda prezidentiň garşydaşlary häkimiýetleri özlerine taýýarlyk üçin tasdan wagt bermezlikde tankyt edipdiler.

Parlamentdäki bir partiýalylygy soňlamak baradaky gürrüňler Nazarbaýewiň töwereginde onuň inagurasiýasynyň yzysüre başlanypdy.

Ýertysbaýew aprelde indiki Mejlis “Birleşen Ştatlardaky Demokratlar we Respublikanlar ýaly, ýa-da Britaniýadaky Konserwatorlar we Işçiler partiýasynyň deputatlary ýaly”, azyndan iki partiýaly parlament bolar diýipdi.

Ýertysbaýew täze syýasy partiýanyň “Atameken” biznes bileleşiginiň esasynda, onlarça uly biznes kompaniýaçyny bir ýere jemlemek arkaly hem döredilip bilinjegini aýdyp, oppozision partiýalary gazaba çykarypdy. Beýle partiýa döredilmedi, ýöne häkimiýetler şondan bäri hökümete tarapdar “Ak-žol” partiýasyny biznesmenleriň we orta gatlagyň partiýasy hökmünde görkezmäge çalyşýarlar.

Ýerli synçylar “Ak-žol” partiýasynyň indiki parlamente girmek mümkinçiligi uly diýýärler.

Gazak oppozisiýa liderleri, şol sanda hasaba alynmadyk “Alga” partiýasynyň lideri Wladimir Kozlow häkimiýetleriň “hakyky oppozisiýa partiýalaryna parlamente girmäge ýol bermejegini” tekrarlaýar.

Gazagystanda azat we adalatly saýlaw tejribesi ýok. Ozalky kompartiýa lideri Nazarbaýew tarapyndan dolandyrylýan nebite baý Gazagystan Merkezi Aziýadaky iň durnukly we abadan ýurt diýip bilinýär.
XS
SM
MD
LG