Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan ilatyna iň arzan benzin berýän ýurtlaryň arasynda


Britaniýanyň awtoulag ätiýaçlandyryş guramasynyň işgärleri ýangyjyň arzan bahasy boýunça reýting-görkeziji taýýarladylar. Ilatyna iň arzan benzin berýän bäş ýurduň içinde Türkmenistanam bar.


Londonda ýerleşýän “Staveley head” ätiýaçlandyryş guramasynyň çap eden maglumatynda iň arzan benziniň Wenesuelada, Saud Arabystanynda, Liwiýada, Türkmenistanda we Bahreýnde satylýandygy görkezilýär.

Nebit gorlary boýunça dünýäde birinji orny eýeleýän Wenesuelada bir litr benzin ýarym amerikan sentine durýar. Bu ýurtda çüýşä gaplanan suwdan arzan benzin iň soňky gezek 1989-njy ýylda gymmatlapdyr.

Nebite baýlygy boýunça dünýäde ikinji orunda durýan Saud Arabystanynda benziniň bir litri 13 sent. Ol uly sarsgynlary, döwlet agdarylyşygyny başdan geçiren Liwiýada 14 sentdi. Emma harby hereketleriň güýçlenmegi, graždanlyk urşunyň başlanmagy bilen bu ýurtda nebiti gaýtadan işleýän zawodlar işini togtatdy, bu bolsa Tripolide bahalaryň 300% galmagyna getiripdir.

Bu görkezijide dördünji orny Türkmenistan eýeleýär. Bu ýurtda bir litr benziniň bahasy 19 sente, bäşinji orundaky Bahreýnde 21 sente barabardyr.
Türkmenistanda garaşsyzlyk ýyllary bir litr benziniň bir stakan gazly suwdan arzan bolandygyny türkmenistanlylalar ýatlaýarlar. Gurbanguly Berdimuhamedow häkimiýet başyna gelenden soň ulagy bolanlara bir ýylda 1,440 litr ýangyjy mugt bermeli edildi, benziniň bahasy galdyryldy. Şondan soň bir litr 95-lik benziniň täze 61 teňňelik bahasy peýda boldy.

92 nomerli benzin ýurduň ähli ýerinde 57 teňňe. Aşgabatly publisist-ýazyjy Amanmyrat Bugaýew bu barada şeýle diýdi:

—Her ýarym ýylyňa 720 litr 95-lik benzin mugtuna berilýär hökümet tarapdan. Hususy eýeçilikdäki maşynlylar ulagy bilen eger kireý etmese, benzin üçin o diýen uly çykdajy edip duranoklar. Şol mugt berilýän benzinden daşary satyn aljak bolsaň, bir litr benziniň bahasy 61 teňňe.

Azatlyk Radiosynyň Lebapdaky habarçysy Osman Hallyýew ýylda iki gezek mugt benziniň talonyny almak üçin uzyn nobatlaryň peýda bolýandygyny, uzak etraplarda käwagt ýangyç gytçylygynyň ýüze çykýandygyny, ýöne soňky döwürde benzin üpjünçiliginiň gowulanandygyny aýtdy:

—Häzir ýangyç guýujy stansiýalaryň ählisinde benziniň birnäçe görnüşi bar. Ozalky gytçylykda-da benziniň diňe 95-lik görnüşi bolmandy. Adamlara berilýän mugt talonam 95-ligiňki, häzir ýagdaý gowy. Emma talon berilmese, häzirki baha elýeterli däl. Sebäbi adamlaryň häzirki alýan aýlyklary bilen deňeşdirilende, häzirki bahalar ýokary. Hemmesi jemlenende, öz hasabyňa ýyl boýy benzin guýmak ýeňil däl.

Benzin bilen üpjünçiligiň Aşgabatda-da, beýleki welaýatlarda-da gowudygyny aýdýarlar.

Ýazyjy Amanmyrat Bugaýewiň sözlerine görä, öz ulagynda kireý etmeýän adamlardan beýlekiler üçin häzirki mugt berilýän benzin uly kömek:

—Ýöne öňki bilen deňeşdirilende, häzirki baha ýokary. Iki, iki ýarym ýyl mundan öň benzin iki-üç sente durýardy. Häzir 20 sent töweregi. Şol tapawut adamlara täsir edýär. Meseläniň beýleki bir tarapy bar: maşynsyz hojalyklar bar. Bulara-da başga bir tarapdan şonuň ýaly sosial kömek ediläýse. Jemgyýetde adalatlylyk kemala getirilse, kömek ähli gatlaga berilse, gowy bolar.

Soňky alty gün bäri nebitiň bahasy dünýä bazarynda yzygiderli galýar. Türkmenistanda hem benziniň bahasynyň gymmatlamagy baradaky howatyrlanmalar ýok däl diýip, Osman Hallyýew aýdýar:

—Täze ýyldan benziniň bahasy 2-2,5 esse galjakmyş diýen gürrüňler il içinde bar. Üç-dört aý mundan öň “et gymmatlajakmyş” diýen gürrüň çykdy. Hakykatdan-da et gymmatlady. Indi adamlar gorky bilen garaşýarlar ýylyň ahyryna.

Nebiti eksport edýän ýurtlaryň — OPEC-iň uzak wagty nazarlaýan çaklamasynda “gara altynyň” bahasynyň ýene-de galjakdygy bellenýär. 2035-nji ýylda bir çelek nebitiň bahasy 133 dollara ýeter. Mundan öň OPEC öz hasaplarynda 2030-njy ýyla çenli bir çelek nebitiň bahasy 106 dollar bolar diýen çaklama esaslanýardy.
XS
SM
MD
LG