Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azyk önümleriniň bahasy gitdigiçe ýokarlanýar


Türkmenistandan gowuşýan habarlarda gurbanlyga soýar ýaly bir goýnuň 500 manatdan gowrakdygy, etiň bahasynyň bazarlarda gymmatdygy bellenýär.
Türkmenistandan gowuşýan habarlarda gurbanlyga soýar ýaly bir goýnuň 500 manatdan gowrakdygy, etiň bahasynyň bazarlarda gymmatdygy bellenýär.
Türkmenistanda 4-nji noýabrda geçirilen hökümet maslahatynda 2011-nji ýylyň 10 aýyndaky ykdysady ösüşlere baha berildi. Ýanwar-sentýabr aýlary aralygynda jemi içerki önümiň 114,6 prosent ösendigi bellendi.

Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende şu ýylyň 10 aýynda esasy oba hojalyk önümleriniň ösüşi 114,9 prosente deň boldy diýip, türkmen metbugaty habar berdi. Şol bir wagtda-da Türkmenistandan gowuşýan resmi däl informasiýalarda çöregiň 10 prosent gymmatlandygy, et gytçylygynyň dowam edýändigi habar berilýär.

Aşgabadyň şüweleňli “Älemgoşar” bazary. Süýde garylyp ýa mesge goşulyp bişirilen çaklaňja tegelek türkmen çöreginiň bahasy 3 manat. Ol baha bir amerikan dollaryndan aňyrda.

Bazarlara aýlanyp gören publisist-ýazyjy Amanmyrat Bugaýew şeýle gürrüň berdi:

—Paýtagtyň bazarlarynda tamdyr çöregiň bahasy juda gymmatlady. Öň süýde ýugrulan ýa-da saryýaga ýa mesgä ýugrulan diýip satylýan tamdyr çörekleriniň bir tegelegi iki manatdy. Häzir şolaryň bahasy üç manat. Öňki bir manatlyk tamdyr çörekleriniň bahasy häzir iki manatdan satylýar.

Lebap welaýatynda ilatyň un bilen üpjünçiligi nähili? Bahalar köpçülige elýeterlimi? Bu soraga Azatlyk Radiosynyň Lebapdaky habarçysy Osman Hallyýew şeýle jogap berdi:

—Özümizde öndürilen 50 kilogramlyk bir halta un 50 bilen 80 manat aralygynda. Gazagystanyňky 140-160 manat. Islän wagtyň, islän dükanyňdan uny Lebap welaýatynda satyn almak kyn. Ol hemişe tapdyryp durmaýandygy üçin bahasy galýar.

Paýtagt Aşgabatda bu ýagdaý biraz başgaça. Ýazyjy Amanmyrat Bugaýew bu barada şeýle diýýär:

—Türkmenistana ýurduň daşyndan getirilýän unuň bahasy görnetin gymmatlady. Men paýtagtyň bazarlaryny, kommersiýa dükanlaryny göz öňünde tutýaryn. Şol dükanlarda Orsýetde öndürilen unuň iň arzan bahasy 2 manat 20 teňňe, Gazagystanda öndürilen unuň iň arzanynyň bahasy 2 manat 40 teňňe. Ýöne bellemeli bir ýagdaý: Aşgabadyň islendik azyk dükanynda birinji sortly türkmen uny dur, 60 teňňeden bir kilogramy. Ony haltalap alsaňam şu gün berýärler. Ýöne ýokary sortly un edil şu gün Aşgabadyň azyk dükanlarynda ýok. Onam gurbanlygyň öň ýanynda adamlaryň juda köp satyn alandygy bilen düşündirýärler. Ýokary sortly türkmen ununyň bir kilesiniň bahasy bir manat. Ýöne ýerlerde, elbetde, kynçylyklar bardyr. Ony men inkär edemok.

Lebaply diňleýjimiziň pikiriçe, bahalar bilen bagly dünýä faktorlary aslyýetinde Türkmenistanda azyk önümlerine onçakly täsir ýetirmeli däl.
Lebaply diňleýjimiziň pikiriçe, bahalar bilen bagly dünýä faktorlary aslyýetinde Türkmenistanda azyk önümlerine onçakly täsir ýetirmeli däl.
Bütindünýä Bankynyň 2011-nji ýylyň 16-njy fewralynda ýaýradan hasabatynda azyk önümleriniň bahasynyň galmagynyň ösýän döwletlerde soňky ýarym ýylyň içinde 44 million ilatyň garyplaşmagyna sebäp bolandygy aýdyldy. Hasabata görä, Merkezi Aziýa döwletlerinde hem geçen ýyl azyk önümeleri 50%-den 100%-e çenli gymmatlapdyr. Geçen ýylyň iýunyndan 2011-nji ýylyň iýunyna çenli bugdaýyň dünýä bahasynyň iki esse galandygy habar berilýär.

Türkmen häkimiýetleri geçen ýyl ýurtda 1 million 600 müň tonna, şu ýyl bolsa 1 million 200 müň tonna bugdaý hasylynyň ýygnalandygyny habar berdi. Netijede, geçen ýylky bilen deňeşdirilende şu ýyl 400 müň tonna bugdaý az alnypdyr. Munuň sebäbi barasynda maryly kärendeçi zenan Azatlyk radiosyna şeýle diýdi:

—Şu ýyl ygal bolmansoň, suwam kem boldy, bugdaý köp suw içip bilmedi. Şonuň üçinem bugdaý hasyly gowy bolmady, planlar dolmady. Suwsuzlyk zerarly bugdaýdan girdeji bolmady. Bu ýyl gurakçylyk ýyl boldy.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň fewral aýynda hökümet maslahatynda eden çykyşynda şeýle diýipdi:

—Ine, biz geçen ýyl gallanyň gowy hasylyny ýygnadyk. Döwletimiziň taryhynda ilkinji gezek özümiz üçin zerur bolan galla hasyly ýygnaldy. Edil şonuň ýaly hem şu ýylyň hasylyny hasaba alanymyzda, onda döwletimiz üçin zerur bolan möçberden artykmaç ätiýaçlyk galla hasyly ýygnalar diýip garaşýarys. Şoňa görä-de, Akmämmedow, ýurdumyz üçin gerek bolan möçberden artyk galýan 200 müň tonnadan gowrak dänäni biržanyň üsti bilen satylmagyny guramagy size tabşyrýaryn.

Ýöne agzalan 200 müň tonna bugdaýyň daşary ýurda satylmandygy üçin Berdimuhamedow ýakynda orunbasarlaryna gatyrgandy. Ýurtda unuň gymmatlaýan wagtynda galla eksporty barada döwlet baştutanynyň görkezme bermegi ilat köpçüliginde dürli reaksiýalar döretdi.

Maryly zenan unuň gymmatlandygyny, berilýän ýeňillikli un paýynyň hasabyna ýetde-gütde güzeran görýändigini Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Esasy azyk önümlerinin ýene biri – et. Türkmenistandan gowuşýan habarlarda gurbanlyga soýar ýaly bir goýnuň 500 manatdan gowrakdygy, etiň bahasynyň bazarlarda gymmatdygy bellenýär. Habarçy Osman Hallyýew Lebabyň bazarlarynda bir kilo sygyr ýa goýun etiniň 14-15 manatdygyny aýtdy.

Azatlyk Radiosynyň haýyşy boýunça paýtagtyň bazarlaryna aýlanyp gören Amanmyrat Bugaýew etiň bahasy barada şeýle gürrüň berdi:

—Aşgabadyň bazarlarynda etiň bir kilogramynyň bahasy iň arzany 14 manat. Bu dollar hasabyna geçireniňde on senti kem bäş dollar bolýar. Goýunyň, gara malyň but eti ýa şonuň ýaly jylka et 17 manatdan satylýar. But eti, gapyrga, oňurga garylyp satylanda 15-16 manatdan. Iri şahly malyň jylka eti göni 20 manada deň. Bu ýedi dollardanam köpüräk bolýar.

Bugaýewiň aýtmagyna görä, bazarlarda et satylýan dükançalaryň penjiresinde “Sygyr eti 10 manat, goýun eti 11 manat” diýen ýazgy bar. Ýöne ol nyrhdan alyja et satylmaýar.

Lebabyň bazarlarynda beýleki azyk önümleriniň bahasy näçeräk? Azatlyk Radiosynyň habarçysy Osman Hallyýew şeýle maglumat berýär:

—Bir ýumurtga 50-60 teňňe, bir litr ösümlik ýagy sortuna garap alty manatdan sekiz manada çenli, bir litr süýt 60-80 teňňe, bir kilogram mesge ýagy 13-22 manat aralygynda, bir kilogram peýnir 9-12 manat, bir kilogram kolbasa 10-24 manat, bir kilogram şeker iki-üç manat.

Näme üçin gymmatlaýar?

Resmi häkimiýetler oba hojalygynda geçirilýän reformalaryň öz netijesini berýändigini, ugruň önümçiligiň bolçulygyny döretmäge tarapdygyny aýdýarlar. Prezident Berdimuhamedow fewral aýynda geçirilen hökümet maslahatynda ýurduň oba hojalygynda geçirýän özgertmeleriň “eýýäm özüniň oňat netijelerini berip başlandygyny” aýdypdy.

Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende şu ýylyň 10 aýynda esasy oba hojalyk önümleriniň ösüşi 114,9 prosente deň boldy diýip, türkmen metbugaty habar berdi.
Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende şu ýylyň 10 aýynda esasy oba hojalyk önümleriniň ösüşi 114,9 prosente deň boldy diýip, türkmen metbugaty habar berdi.
Lebaply diňleýjimiziň pikiriçe, bahalar bilen bagly dünýä faktorlary aslyýetinde Türkmenistanda azyk önümlerine onçakly täsir ýetirmeli däl. Onuň aýtmagyna görä, häzirki emele gelen ýagdaýyň düýp sebäbi garaşsyzlygyň başky ýyllarynda düýbi tutulan nädogry oba hojalyk we ykdysady syýasat.

Maryly 65 ýaşly, hormatly dynç alyşdaky öňki agronom azyk önümleriniň gymmatlamagy hem onuň sebäpleri barasynda Azatlyk Radiosy bilen gürrüňdeşlikde şeýle diýdi:

—Birinji sebäp, ýerleriň döwlet eýeçiliginde saklanmagy. Ýurdumyzda suwarymly ekin meýdanlarynyň iki million gektar töweregi bar. Şonuň bir million gektar gowragyna güýzlük galla, 600 müň gektar töweregine gowaça ekilýär. Bu aýdanlarym resmi maglumat. Monopoliýa eýe bolan şol iki ekiniň ekilýän hakyky meýdany aýdylýandan has köp. Resmi maglumatlara syn etseň, pagta hasyly gektardan 15-16, bugdaýyňky 10-12 sentnerden geçmeýär. Bizde köp ýer ekip, köp hasyl almaga ýykgyn edilýär. Dünýä tejribesinden az ýer ekip, köp hasyl alynýandygy görünýär. Sebäbi olarda ýer hususy eýeçilikde. Türkmenistanda-da daýhan ýeriň eýesi bolsa, hasyllylyk artar, önüm bolçulygy dörär. Muňa mysal näçe diýseň bar. Mellek ýerlerinden alynýan hasyl bilen döwlet eýeçiligindäki hasyly deňeşdirip görmegem ýeterlik. Meniň hasaplamalaryma görä, bu iki aradaky tapawut 10 esse töweregi bolup, ol mellekçileriň peýdasyna. Bazarlarda satylýan önümleriň 80-90 prosenti ilatyň mellek ýerlerinde öndürilen önümler. Alma, armyt, kartoşka, sogan, hatda käşir ýaly özümizde gaty gowy bitýän önümleriň daşary ýurtlardan getirilmegi gaty geň. Muňa düşünmegem, bu ýagdaýy düşündirmegem kyn.

Şu meselede aşgabatly ýazyjy Amanmyrat Bugaýewiň pikiri şeýle:

—Etiň gymmatlamagyň düýp sebäbi, Türkmenistanda garaşsyzlyk ýyllarynyň başyndan başlap, ykdysadyýetiň fundamenti, binýady ters tutuldy. Gowşak binýadam, ine, şu zatlaryň ýüze çykmagyna getirdi. Bu zatlar başlangyç, ol ýene-de dowam eder. Sebäbi bazar ykdysadyýetine geçilmedi-de, hökmürowanlylyga geçildi. Amal edilen işleriň ählisi diňe bir diýdimzor syýasaty dabaralandyrmak üçin ulanyldy, öňünden hiç hili maliýe-ykdysady hasaplamalar geçirilmedi.

Bugaýewiň pikiriçe, Türkmenistanda etiň gymmatlamagynyň düýp sebäbi iki zatda jemlenýär:

—Birinjiden, kolhozlar dargadylyp, olaryň mallary döwlet eýeçiligine geçirildi. “Türkmenmallary” diýen bir edara döredildi. Şolam mallaryň soňuna çykdy. Ikinjiden, Türkmenistanda mallaryň hususy eýeçiligine giň ýol açyldy. Mümkinçiliklerem döredildi görer göze. Näçe mal saklasaň-da salgyt alynmaýar. Ýöne medeni zonadan daşda ýerleşýän gum obalaryna üns berilmedi, olaryň ýaşaýyş-durmuş şertleri barada alada edilmedi. Netijede, olar demirýola ýakyn ýerlere göçüp gelip, mal bakara adam galmady, çarwa obalary boşap galdy.

Maryly alym agronomyň pikiriçe, iki-üç sany guş toplumy bilen çäklenip oturmaly däl-de, her etrapda bärsinden iki-üç sany iri et we süýt, guşçulyk kompleksleriniň hususyýetçiler tarapyndan döredilmegine ýol açmaly:

—Bir-iki müň gektar ýer hut şu maksat üçin her etrapda bölünip berilse, ol häzirki alynýan hasyla täsir ýetirmez. Ýene başky netije: ýeriň hususy eýesi –daýhan bolmaly. Şonda önüm bolçulygy öz-özünden dörär, muny dünýä tejribesi görkezýär.

Bütindünýä Bankynyň hasaplamalaryna görä, oba hojalygy pudagy Türkmenistanyň umumy içerki önüminiň 12 prosentini emele getirýär. Bu pudakda ýurduň işçi güýjüniň ýarsyndan gowragy zähmet çekýär. Emma ýurt Sowet kommunal hojalyk usulyndan has hususylaşdyrylan görnüşe geçmäge synanyşýan mahaly, daýhanlar ikarada galýarlar, azyk önümleriniň bahasy bolsa gitdigiçe gymmatlamak bilen bolýar.
XS
SM
MD
LG