Sepleriň elýeterliligi

Ukraina: Timoşenko täze aýyplamalar bildirildi


Ukrainanyň salgyt gullugy ýurduň ozalky premýer-ministri Ýuliýa Timoşenko täze aýyplamalary bildirdi. Bu aýyplamalar Timoşenkonyň 1990-njy ýyllarda “Ukrainanyň bütewi energiýa sistemalary” korporasiýasynyň başlygy bolan döwri bilen bagly.

Häzir Timoşenko wezipe ygtyýarlyklarynyň çäginden çykmakda aýyplanyp, ýedi ýyl türme tussaglygyna höküm edilenden soň, türmede jezasyny çekýär. Timoşenko özüne bildirilen aýyplamalary ret edipdi.

Ýewropa Bileleşigi, eger-de Timoşenko gözenegiň aňyrsynda galdyrylsa, özüniň Ukraina bilen baglaşmaly käbir ylalaşyklaryna gol goýmazlygynyň mümkindigini duýdurypdy.
XS
SM
MD
LG