Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Owganystanda ene we gyz öz öýlerinde öldürildi


Owganystanyň gündogar sebitinde bir ene we gyz öz öýlerinde öldürildi.Gazna welaýatynyň polisiýasynyň berýän maglumatyna görä, dul aýalyň öýüne iki hüjümçi kürsäp girip, ony we gyzyny atyp öldüripdir.

Ýerli ýaşaýjylaryň we adynyň tutulmagyny islemedik käbir resmileriň aýtmagyna görä, “Talybanyň” söweşijileri bu hüjümi hamala aýalyň “ahlaksyzlygy” sebäpli amala aşyrypdyrlar.

Owganystanda “Talyban” häkimiýetden çetleşdirilenden soň, ýurduň ençeme sebitinde aýallaryň hak-hukuklary gowulanypdy. Ýöne muňa garamazdan, ýurduň käbir böleklerinde, hususan-da söweşijileriň agdyklyk edýän ýerlerinde aýallar wagşylyga sezewar bolýarlar.
XS
SM
MD
LG