Sepleriň elýeterliligi

100 töweregi täjik migranty Orsýetden çykarylar


Orsýetden 100 töweregi bikanun täjik migranty deportasiýa ediler.

“Interfaks” habarlar gullugynyň Orsýetiň Migrasiýa gulluguna salgylanyp ýazmagyna görä, täjikler “ýakyn günleriň içinde” deportasiýa ediler.

Maglumata laýyklykda, her ýyl 700 müň töweregi täjik raýaty işlemek üçin Orsýete barýar.

Täjigistan bilen Orsýetiň arasynda wiza düzgüni ýok. Emma işlemek isleýänler hökmany suratda iş rugsadyny almaly.

Deportasiýa edilýän täjiklere geljek bäş ýylyň dowamynda Orsýete girmek gadagan ediler.
XS
SM
MD
LG