Sepleriň elýeterliligi

HRW: Siriýada “adamzada garşy jenaýat” edildi


Halkara “Human Rights Watch” guramasy Siriýanyň hökümet güýçlerini Homs şäherinde “adamzada garşy jenaýat” edenlikde aýyplady.

Düýbi Nýu-Ýorkda ýerleşýän “Human Rights Watch” guramasynyň täze ýaýradan 63 sahypalyk hasabatynda mälim edilmegine görä, apreliň ortalaryndan awgustyň aýagyna çenli aralykda howpsuzlyk güýçleri Homs şäherinde 587 raýaty öldüripdir.

Homs – Siriýanyň üçünji uly şäheri bolup, ol režime garşy dowam edýän sekiz aýlyk protestleriň merkezleriniň biridir.

Bu aralykda, ynsan hukuk goraýjylaryň maglumatyna laýyklykda, anna güni Siriýada howpsuzlyk güýçleri 12 adamy öldüripdir. Bularyň 10-sy Homs şäherinde öldürildi diýlip, habar berilýär.
XS
SM
MD
LG