Sepleriň elýeterliligi

Adam hukuklary boýunça “Türkmen inisiatiwasy” topary “Pagtaçylaryň gozgalaňy” ady bilen material çap edip, onda Daşoguz welaýatynda 8-nji noýabrda pagta ýygymyna çykarylan adamlaryň pagta ýygman, atyzy terk edişleri barasynda gürrüň berilýär.


Türkmen häkimiýetleri tarapyndan Gurban baýramy mynasybetli üç gün yglan edilen dynç alşyň ikinji güni pagta sürlen adamlaryň pagta meýdanyny terk edip gaýtmak hadysasy ýüz berdi. Olar Daşoguz welaýat ýaşaýyş jaý-kommunal hojalygynyň işgärleri diýip, “Türkmen inisiatiwasy” habar berdi.

Ýöne bu maglumaty çap eden “Türkmen inisiatiwasy” toparynyň ýolbaşçysy Farid Tuhbatullin Azatlyk Radiosyna iş taşlaýşa gatnaşyjylaryň haýsydyr bir talaplary öňe sürüp, demonstrasiýa geçirmändiklerini aýtdy.

Gurbanlyk günleri Türkmenistanyň Daşoguzdan beýleki ýerlerinde gar ýagany sebäpli adamlar pagta ýygymyna sürülmedi diýlip, ýerli çeşmeler habar berýärler.

Şu ýyl suw ýetmezçilik edenem bolsa, pagta hasylynyň gowy bolandygyny, iki gektar kärende ýerinden 10 tonna pagta tabşyrandygyny maryly kärendeçi zenan Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

4-nji noýabrda geçirilen hökümet maslahatynda pagta tabşyrýan kärendeçiler bilen öz wagtynda hasaplaşyk geçirilýändigi, “ak altynyň” bökdençsiz kabul edilýändigi aýdyldy. Maslahatda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow atyzlardaky pagta hasylyny ahyrky übtügine çenli ýygmaly diýip, görkezme berdi.

“Türkmen inisiatiwasy” topary Daşoguzdaky iş taşlaýyş barada çap eden maglumatynda: “Pagta ýygmaga baran şäherlilelere kärendeçiler hak tölemekden ýüz öwürdiler ýa ujypsyz pul tölemek isleýändiklerini aýtdylar, ol hem şeýle herekete sebäp boldy” diýip ýazýar. Farid Tuhbatullin sebäpleriň üstüni şeýle ýetirýär:

—Bu wakadan öňki birnäçe güne göz aýlaly. Ilat baýramçylyga gabatlap, prezident maddy kömek berer ýa goşmaça töleg eder diýen umytdady. Umytlaryň puja çykmagy-da şeýle nägilelige sebäp bolandyr. Meniň Türkmenistandaky kärdeşlerim şu günler ilatyň keýpiniň gowy däldigini, ýerli çinowniklere-de, ýokary häkimiýetlere-de gaharlydygyny aýdýarlar.

Lebap welaýatynda gurbanlygyň ilkinji güni ýagan gar erän badyna edara-kärhanlaryň işgärleri atyzlara çykarylyp, olaryň hersine pagta salgydy salnypdyr. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Lebapdaky habarçysy Osman Hallyýew şeýle diýýär:

—Býujetden aýlyk alýan her bir adam 200 kilogram pagta tabşyrmaly. Tabşyrykdan hatda mekdep okuwçylaram azat däl. Birinji klas okuwçylary 4 kilogram, 2-nji klaslylar 6 kilogram, 3-nji klaslylar 8 kilogram pagtany mekdebe getirip tabşyrmaly, şeýle tertipde ahyrky klaslara çenli ösüp gidýär.

Geçen ýyl Türkmenistan 1 million 300 müň tonna töweregi pagta hasylynyň ýygnalandygyny yglan edipdi. Türkmen häkimiýetleri şu ýylam geçen ýylyň derejesindäki möçberde pagta hasylyny ýygmagy maksat edinýärler.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG