Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Damaskda Saud Arabystanynyň ilçihanasyna hüjüm edildi


Ýekşenbe güni Saud Arabystanynyň hökümeti özüniň Siriýadaky ilçihanasyna prezident Başar al-Assadyň tarapdarlary tarapyndan edilen hüjümi ýazgaryp çykyş etdi.

Ýekşenbe güni Siriýanyň paýtagty Damaskda müňlerçe adamlar Saud Arabystanynyň ilçihanasynyň öňüne ýygnanyp, Siriýanyň Arap Ligasyndan çykarylmagyna protest bildirdiler. Käbir protestçiler ilçihananyň içine girmäge synanyşdylar.

Şenbe güni Arap Ligasy Siriýada parahat protestçilere garşy hökümetiň yzygiderli ýarag ulanyp gelmegine jogap edip, Siriýany Arap Ligasyna agzalykdan çykarmak barada karar kabul etdi.

Bu karary halkara jemgyýetçiligi, şol sanda, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary, Ýewropa Bileleşiginiň, Birleşen Ştatlaryň, Fransiýanyň we Britaniýanyň liderleri-de hoşallyk bilen kabul etdiler.
XS
SM
MD
LG