Sepleriň elýeterliligi

Mýanmarda syýasy tussaglaryň azat edilmegine garaşylýar


Mýanmaryň hökümeti bir aýdan sähel gowrak wagtyň içinde ikilenji gezek ýurduň tussaglaryna günä geçişlik yglan etmekligi planlaşdyrýar.

Mýanmaryň bir hökümet resmisi ýakyn günlerde tussaglykdan azat ediljek adamlaryň hatarynda syýasy tussaglar diýlip hasaplanylýan adamlaryň-da boljakdygyny aýtdy.

Şu ýylyň martynda Mýanmaryň ozalky harby huntasynyň ýerine täze graždan hökümeti geçeli bäri, täze hökümet 230 sany syýasy tussagy türmelerden azat etdi.

Anna güni eden çykyşynda Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Hillari Klinton ähli syýasy tussaglaryň tussaglykdan boşadylan halatynda, Mýanmaryň Birleşen Ştatlaryň «partnýor» ýurduna öwrülip biljekdigini belledi.
XS
SM
MD
LG