Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Italiýa: Mario Montiýe ýurduň täze hökümetini düzer


13-nji noýabrda Italiýanyň prezidenti Giorgio Napolitano ýakynda ýurduň ömürlik senatory wezipesine mynasyp bolan Mario Montiýä ýurduň täze hökümetini düzmegi tabşyrdy.

Monopoliýa garşy syýasat boýunça Ýewropa Komissiýasynyň öňki jogapkär işgäri, ykdysady ylymlaryň professory Mario Monti özüne bildirilen ynam üçin, ýurduň prezidentine minnetdarlyk bildirip, öz esasy wezipesini ýurduň maliýe ýagdaýyny gowlandyrmakda görýändigini nygtady.

Italiýanyň täze hökümetiniň ýurduň pensiýa, sosial üpjünçiligi ulgamlarynda reformalaryň geçirmegine, salgyt tölemekden boýun gaçyrýanlara garşy aýgytly göreş alyp barmagyna hem-de gurply adamlara goşmaça salgyt girizmegine garaşýarlar.

Ýewropadaky bergi krizisinden çykmak üçin edilýän bu tagallalar Ýaponiýanyň maliýe bazaryna oňyn täsir etdi. Netijede duşenbe güni irden bu ýerdäki esasy aksiýalaryň bahasy ýokary galdy.
XS
SM
MD
LG