Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Talyban” Milli maslahatyň gorag planlaryny ele salandygyny aýdýar


Owganystanyň hökümeti şular ýaly çäreleriň howpsuzlygyny üpjün etmekde henize çenli belli bir kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolup gelýär.
Owganystanyň hökümeti şular ýaly çäreleriň howpsuzlygyny üpjün etmekde henize çenli belli bir kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolup gelýär.
Owganystanyň hökümet resmileri şu hepde geçiriljek Milli maslahatyň goragy boýunça planlary “Talyban” söweşijileriniň ele salandyklary barada olaryň ýaýradan beýanatynyň ýerliksizdigini aýdýarlar.

Bu Loýa-Jirge maslahaty hepdäniň çarşenbe güni, 16-njy noýabrda açylmaly. Bu maslahatda Birleşen Ştatlaryň Owganystandaky harby operasiýalarynyň geljegi hem-de “Talyban” söweşijileri bilen gepleşik geçirmek ýaly möhüm meseleler barada halk wekilleri bilen maslahat etmeklik göz öňünde tutulýar.

Bu maslahatyň öňýany, şu gün Owganystanyň howpsuzlyk güýçleri Loýa-Jirge maslahatynyň geçjek ýerinde ajalyna kaýyl bir adamyň bomba partlatmak synanyşygynda ony atyp öldürdiler.

Ýurduň Içeri işler ministrligi bu wakada bu adamyň içi partlaýyjy maddaly haltany goralýan territoriýa alyp geçjek bolanda, onuň atylyp öldürilendigini mälim etdi.

“Galp maglumat”

Owganystanyň Razwedka gullugynyň metbugat sekretary Lutfullah Maşal “Talyban” söweşijileriniň hepdäniň ýekşenbe güni öz internet saýtlarynda Loýa-Jirgäniň geçjek ýeri hem-de onuň goragynyň anyk planlary diýip çap eden maglumatynyň galp maglumatdygyny aýdýar.

Ol şu gün Kabulda žurnalistlere beren interwýusynda: “Biziň düzen planlarymyz talyplaryň media arkaly ýaýradan planlaryndan 100 prosent tapawutlanýar” diýip nygtady.

Loýa-Jirge maslahatynyň goragy baradaky planlary ele salandyklary barada talyplaryň ýaýradan maglumatynyň fonunda bu maslahata gatnaşjak käbir delegatlara talyplar tarapyndan haýbat atyjy duýduryşlaryň berlendigi barada-da maglumatlar peýda boldy.

Owganystanyň parlament deputaty Muhammad Daud Hasas şeýle haýbat atyjy duýduryşlaryň özüne mobil SMS-i görnüşinde gelendigini we ol telefon nomeriniň Pakistana degişli nomerdigini aýdýar.

“Olaryň telefon hatlarynda bu maslahat ‘Amerikan Loýa-Jirgesi’ diýlip atlandyrylýar we oňa gatnaşjak islendik adamyň ölüm bilen ýüzbe-ýüz boljakdygy aýdylýar. Her bir deputata we her bir hökümet resmisine şular ýaly haýbat gelip gowuşdy” diýip, Muhammad Daud Hasas mälim etdi.

Aladalary artdyrdy

Loýa-Jirge maslahatynyň goragy baradaky planlaryň ýaýradylmagy hem-de şular ýaly haýbatlaryň atylmagy “Talyban” söweşijileriniň bu maslahata garşy hüjüm gurnamak howpy baradaky aladalary-da artdyrdy.

Emma Loýa-Jirge boýunça komissiýanyň metbugat sekretary Safiýa Syddyki edil häzirki wagt delegatlaryň bu maslahata gatnaşmaklaryna böwet bolaýjak anyk bir päsgelçiligiň ýokdugyny aýdýar.

Safiýa Syddyki: “Şu gün irden maslahata çagyrylan delegatlar özlerini hasaba aldyrtmak üçin nobata durdular. Munuň özi adamlaryň bu ýere gelmek bilen, özlerine ynanylan işi etmek isleýändiklerini görkezýär. Men ýagdaý şundan başgaça bolmalydyr diýip pikir etmeýärin” diýip belledi.

Owganystanyň hökümeti şular ýaly çäreleriň howpsuzlygyny üpjün etmekde henize çenli belli bir kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolup gelýär.

Geçen ýylyň iýunynda geçirilen Loýa-Jirge maslahatynda ýaragly söweşijileriň ok atmalary prezident Hamid Karzaýyň maslahatyň açylyş dabarasyndaky çykyşynyň bökdelmegine sebäp bolupdy.

Şol wakada howpsuzlyk güýçleri billerine partlaýyjy enjamlar saralgy iki adamy atyp öldüripdiler. Wakada üç sany parahat ýaşaýjy hem heläk bolupdy.
XS
SM
MD
LG