Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yslam bilen radikallygyň arasyndaky tapawut barada Sadanand Dume bilen söhbet


“Wall Street Journal Asia” neşiriniň kommentatory Sadanand Dume Azatlyk Radiosynda, Praga.
“Wall Street Journal Asia” neşiriniň kommentatory Sadanand Dume Azatlyk Radiosynda, Praga.
Azatlyk Radiosynyň žurnalisti Frud Bezhan musulman dünýäsini ekstremizme itekleýän güýçler, şeýle-de munuň nähili netijelere getirip biljekdigi barada “Wall Street Journal Asia” neşiriniň kommentatory Sadanand Dume bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Siz radikal yslamy nähili häsiýetlendirersiňiz?

Sadanand Dume: Men yslama dünýäniň iň beýik dini ynançlarynyň biri hökmünde garaýaryn. Yslama dünýäde 1,1 milliard adam uýýar. Radikal yslam syýasy ideologiýa bolup, muny musulmanlaryň kiçi topary goldaýar. Radikal yslam durmuşyň her bir ugruna, ýagny döwletiň we jemgyýetiň boýnundan öz garaýyşlaryny dakmak isleýär. Bu garaýyşlar bolsa durmuşyň ähli taraplaryny özünde saklaýan kanunlardyr.

Radikal Yslamçylar öz garaýyşlarynyň Hudaý tarapyndan iberilendigine ynanyp, şol kanunlar jemgyýetiň we döwletiň ähli taraplaryny dolandyrmalydyr diýip hasaplaýarlar. Ynha, adaty bir musulman bilen radikal yslamçynyň arasyndaky tapawut şu taýda. Ýagny, adaty musulman öz dinine ynanyp, edil beýleki adaty adamlar ýaly, öz durmuşyna görä ýaşaýar. Radikal yslamçy bolsa dünýäni üýtgetmek baradaky pikirlerden ugur alyp hereket edýär.

Azatlyk Radiosy: Radikal yslamçylyk jemgyýetiň haýsy gatlaklarynda has giňden ýaýran?

Sadanand Dume: Radikal yslam esasan, dini sowatly ýaş adamlaryň arasynda meşhurlyga eýe. Meniň pikirimçe, olary muňa iterýän zadyň bir säbäbi-de soraglara berilýän jogabyň ýönekeýligi hem-de munuň ähli zady özünde jemleýänligidir. Bular köplenç özleriniň maşgala agzalarynyň arasynda bilim alan ilkinji adamlardyr. Köp halatlarda bularyň takyk bilimlerden, ýagny tehniki, inženerçilik, medisina we matematika ýaly ylymlar boýunça bilimi bar. Beýle pikirleriň juda ýönekeýdigi we onuň mehanikidigi göz öňünde tutulsa, onda Şerigat ähli zada bap ýaly bolup dur. Bu olaryň pikir ýöredişine laýyk gelýär.

Azatlyk Radiosy: Radikal yslam bilen aram yslamyň arasyndaky çekeleşikli göreşde kim ýeňýär?

Sadanand Dume: Radikal yslam bilen aram yslamyň arasyndaky göreş ýene-de uzak wagtlap dowam eder. Meniň pikirimçe, aram yslama uýýanlaryň bir artykmaçlygy – köp musulmanlaryň edil dünýäniň aglaba ýaşaýjylarynyňky ýaly aram garaýyşlarynyň bolmagydyr.

Ýöne radikal yslamyň ýokary derejede berk gurnalandygy we onuň juda güýçli pikirleriniň bardygy üçin, köp ugurlarda erk-ygtyýar olaryň tarapynda bolýar. Kimiň tarapy agdyklyk diýseňiz, meniň pikirimçe, köpçülik aram musulmanlaryň tarapynda. Ýöne erk-ygtyýar babatda aýdylmaly bolsa, köp ugurlarda radikallar üstün çykýarlar.

Azatlyk Radiosy: Yslamyň haýsy ugurdan gitjekdigine nähili faktorlar täsir edýär?

Sadanand Dume: Meniň pikirimçe, bu taýda sanap bolaýjak köp faktorlar bar. Bir mysal, biz “arap bahary” netijesinde nämeleriň bolup geçjekdigine syn etmeli. Bu ýurtlarda demokrtaiýa öz ornuny taparmy? Jemgyýetde bazar ykdysadyýeti näderejede ornaşar? Meniň pikirimçe, esasy soraglar şeýle: Ýurtlar syýasy tarapdan wekilçilikli demokratiýanyň şertlerini kabul ederlermi? Ykdysady tarapdan alanyňda, bazar ykdysadyýetine geçerlermi? Meniň pirkirimçe, şu iki zat ýagdaýlaryň haýsy ugur boýunça özgerjekdigini kesgitlär.
XS
SM
MD
LG