Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýa Arap Ligasyndan çykarylmagyndan nägile


Duşenbe güni Siriýanyň hökümeti bu ýurduň Arap Ligasyndan çykarylmagyny «örän howply ädim» diýip atlandyrdy.

Siriýanyň daşary işler ministri Walid al-Mualem žurnalistleriň öňünde eden çykyşynda arap ýurtlaryny Siriýadaky meseleler barada gyssagly sammit geçirmeklige çagyrdy.

Hepdäniň şenbe güni Arap Ligasy Siriýadaky parahat protestçilere garşy ýurduň hökümetiniň yzygiderli ýarag ulanyp gelmegine jogap edip, bu ýurdy häzirlikçe Arap Ligasyna agzalykdan çykarmak barada karar kabul etdi.

Bu wakalaryň fonunda duşenbe güni Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler ministrleri Brýusselde geçiren maslahatlarynda Siriýanyň 18 sany ýokary derejeli resmisine garşy goşmaça sanksiýa girizmek barada ylalaşyga geldiler.

Birleşen Milletler Guramasy şu ýylyň martyndan bäri Siriýada dowam edýän protest çykyşlarynyň barşynda azyndan 3 müň 500 töweregi adamyň öldürilendigini aýdýar.
XS
SM
MD
LG