Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýemende zamunlykda saklanýan üç fransuz boşadyldy


Duşenbe güni Fransiýanyň prezidenti Nikolýa Sarkozi Ýemende zamunlykda saklanýan üç sany fransuz raýatynyň zamunlykdan boşadylandygyny mälim etdi.

Fransiýanyň raýatlary bolan iki aýal maşgala we bir erkek kişi şu ýylyň 28-nji maýynda Ýemeniň günorta-gündogaryndaky Hadramout prowinsiýasynda gumanitar ýardam işleri bilen meşgullanýarkalar ýaragly söweşijiler tarapyndan zamun alnypdylar.

Şol wakanyň yzy bilen olaryň ýerli "Al-Kaýda" topary tarapyndan zamun alnandyklary we zamun alyjylaryň fransuz häkimiýetlerinden millionlarça dollar pul talap edýändikleri barada maglumatlar peýda bolupdy.

Emma prezident Nikolýa Sarkozi bu raýatlaryň nähili şertlerde zamunlykdan azat edilendikleri barada anyk maglumat bermedi.
XS
SM
MD
LG